Birleşen Ştatlar, Ýewropa Bileleşigi we Günbataryň ýene birnäçe beýleki ýurdy, Gürjüstan bilen Russiýa arasynda ýüze çykan gysga wagtlyk urşuň 16-njy ýyl dönümine gabat, Günorta Kawkaz döwletiniň özygtyýarlylygy we territorial bütewiligi baradaky goldawlaryny ýene bir gezek äşgär etdiler. Bu aralykda, Gürjüstanyň häkimiýet başyndaky partiýasynyň barha köp Moskwa ýykgyn edýändigine çalym edýär.
8-nji awgustda Russiýa bilen Gürjüstanyň ýaragly güýçleriniň arasynda, Moskwa tarapyndan goldanylýan separatistik Günorta Osetiýanyň üstünde bolan şol bäş günlük regional harby konfliktiň pidalary ýatlanylýar.
Ýewropa Bileleşiginiň araçylygynda barlyşyga gelinýänçä, bu uruşda parahat ilatdan ýüzlerçe adam heläk boldy we müňlerçe adam öz öýlerinden göçmeli boldy.
Uruşdan soň, Russiýa Gürjüstanyň iki separatistik regionyndaky, ýagny Günorta Osetiýadaky we Abhaziýadaky harby täsirini güýçlendirdi we bu regionlary garaşsyz döwletler hökmünde ykrar etdi.