Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherine bardy diýip, türkmen metbugaty 28-nji sentýabrda habar berdi.
Iş saparynyň maksatnamasyna laýyklykda, öňki prezident “Merkezi Aziýa — Germaniýa” görnüşinde ýokary derejede geçirilýän köptaraplaýyn duşuşyga gatnaşar.
Habarlardan mälim bolşy ýaly, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentleri bilen geçiren ýokary derejeli duşuşygyndan soň, Germaniýanyň kansleri Olaf Şolsuň hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidentleri bilen Berlinde duşuşyp, gepleşik geçirjekdigi mälim boldy.
Bu duşuşyga Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagyna garaşylýardy.
29-njy sentýabra bellenen sammit başlanynda, Merkezi Aziýa vurtlarynyň hukuk goraýjy aktiwistleriniň bir topary german kansleriniň edarasynyň öňünde ýygnanyp, söz azatlygynyň azalmagynyň alamatlarynyň arasynda sebitdäki syýasy tussaglaryň derhal türmeden boşadylmagyny talap etdiler.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara hyzmatdaşlary bu sebitiň häkimiýetleriniň raýat jemgyýetini ýok edýän repressiw syýasatdan el çekmekleri üçin bar bolan ähli mümkinçilikden peýdalanmaly diýip, Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlygy guramasynyň (IPHR) sammitiň öňünden, 27-nji sentýabrda çap eden beýanatynda aýdylýar.
Degişli maglumat Aktiwistler Nýu-Ýorkda we Waşingtonda çykyş edip, türkmen syýasy tussaglarynyň boşadylmagyny talap etdi