Balkanda 'gara bazar söwdasy' bilet gytçylygyny güýçlendirdi

Bilet ýetmezçiligi zerarly otlynyň geçelgesinde sapar edýän ýolagçylar. Arhiw suraty

Balkan welaýatynda uçar, otly we awtobus biletleriniň ýiti gytçylygy emele geldi. Gytçylygyň ýitileşmegine, diňe onlaýn görnüşde satylýan biletleriň ikinji taraplar tarapyndan satyn alnyp, "gara bazarda" satylmagy we Awaza syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsüminiň başlanmagy goşant goşdy.

Azatlyk Radiosynyň bu barada sebitden maglumat berýän habarçysy we çeşmeleri bu ýagdaýyň ilatyň, esasanam Gurban baýramynda öz ýaşaýan welaýatlaryna dolanmak isleýän raýatlaryň transport zerurlyklaryna ýaramaz täsir edýändigini aýdýarlar.

“Nebit, gaz we himiýa zawodlarynyň işgärleriniň 80%-i Türkmenistanyň beýleki welaýatlaryndan gelip işleýän raýatlardyr. Gurbanlygyň golaýlamagy bilen, olar ýyllyk bir aýlyk zähmet rugsatlaryny alyp, öz sebitlerine dolanmaga çalyşýarlar. Ýöne olar indi 10-12 gün bäri uçara, otla we awtobusa onlaýn bilet tapman kösenýärler. 1-nji iýundan bäri kassalarda-da bilet satmak doly bes edildi” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.

Azatlyk 23-nji iýunda “Türkmenistan howaýollary” kärhanasynyň resmi websaýtyndan onlaýn bilet satyn almaga çalyşdy.

Degişli maglumat Lebapda uçar, otly we awtobus biletleriniň ýetmezçiligi ýitileşdi

Ýöne saýtda Türkmenbaşy-Aşgabat ugry boýunça 23-nji iýun bilen 31-nji awgust aralygynda gözlenen biletlere “Hormatly ýolagçy siziň saýlan uçuş ugruňyz boýunça awiabilet tapylmady!” ýa-da “Ýer ýok” diýen netijeler görkezildi.

Raýatlaryň köpüsi biletleriň onlaýn satylyp başlanmagynyň biletleriň töweregindäki para-berimiň togtamagyna getirjekdigini umyt etdi. Ýöne bu hakykatda beýle bolmady.

“Onlaýn biletler satuwa çykarylandan soň, olar dessine ikinji we üçünji taraplar tarapyndan satyn alynýar. Munuň nähili usul bilen amal edilýändigi belli däl. Ýöne bu ýagdaý biletleriň ‘gara bazar söwdasyny’ döretdi" diýip, çeşmämiz belledi.

Ol mundan öň raýatlaryň biletleri satyn almak üçin diňe kassa işgärlerine para berendigini, indi olaryň biletleri onlaýn alyp satýan taraplara we biledi atdan ada geçirmek üçin transport wekiline hem para bermeli bolýandygyny aýdýar.

"Döwlet bahasy 160 manat bolan bilet 1500 manada düşýär” diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlyk bu barada “Türkmenistan howaýollarynyň" Aşgabatdaky we Balkanabatdaky edaralaryndan kommentariýa almaga çalyşdy. Ýöne 23-nji iýunda kärhananyň resmi websaýtynda görkezilen telefon belgilerine hiç kim jogap bermedi.

Nebit, gaz we himiýa işgärleriniň ençemesi döwlet nyrhyndan 10 esse gymmada satylýan biletleri satyn almaga maddy mümkinçilikleriniň ýokdugyny aýdýar.

Degişli maglumat "Otluda 12 sagatlap dik aýak üstünde gitdim”

“Hususy taksilerde gideli diýsek, olaryň bahasy hem uçar biletleriniň bahasyna deňeçer bolýar. Türkmenbaşy-Aşgabat aralygy üçin bir adamyň taksi kireýi 600-800 manat aralygynda bolup, Aşgabatdan Lebaba aşmak üçin-de 700-800 manat tölemeli. Bir tarapyň tölegi 1500 manada düşýär" diýip, lebaply işgär Azatlygyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

Ol işgärleriň her biriniň maşgalasynda azyndan üç adamyň bardygyna ünsi çekip, olaryň diňe bir tarap üçin 5000 manat çykdajy etmeli boljakdygyny hem belledi.

Hökümet maslahatlarynda transport serişdeleriniň gatnawlarynyň kämilleşdirilýändigi we täze awtobuslaryň, uçarlaryň we taksileriň satyn alynýandygy ýygy-ýygydan tekrarlanylýar.

Muňa garamazdan, Türkmenistanda ilat köpçülikleýin transport serişdeleriniň ýetmezçiligi bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolup gelýär. Bu ýetmezçilik uly baýramçylyklaryň öňüsyrasynda we dynç alyş möwsüminde has-da güýçlenýär.

Türkmenistanda şu ýyl Gurban baýramy 28-29-30-njy iýunda bellenilýär. Döwlet baştutany bu baradaky karara 16-njy iýunda gol çekdi.

Degişli maglumat “Türkmenhowaýollary” agentligi 6 sany Boeing uçaryny satyn alar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.