Garaşsyzlygyň 33 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk dabaralarynyň öňünden görülýän taýýarlyklar çärelere jogap berýän resmileriň işini kynlaşdyrýar, yzky hatarlardaky adamlaryň köpüsi “Arkadagly Serdara şöhrat” diýmekden saklanýar diýip, Azatlygyň çeşmesi habar berýär. Şeýle-de, bu ýyl adamlary ‘telewideniýede bagtly görkezmegiň” has kyn düşendigi aýdylýar.
Azatlyga sebitleriň birinden gelip gowşan wideoda täze asfaltlanan we haly düşelen meýdanda ellerine Türkmenistanyň döwlet baýdaklaryny alyp duran polisiýa işgärleri, teatrlaşdyrylan sahna üçin milli eşikleri geýen adamlar, gara penjekli, başy tahýaly ýaş adamlar görünýär. Maşka gatnaşýanlara ‘gaýrat edeliň, oglanlar” diýip, sahnanyň ýene bir gezek gaýtalanmagyny haýyş edýän erkegiň sesi eşidilýär.
Maglumat üçin aýdylsa, mundan öňki ýyllarda gelip gowşan wideo, audio maglumatlarynda çäre guramaçylarynyň marşirowka gatnaşýan adamlara has yzgytsyz daraşýandygyny, gödek sözleri ulanmakdan hem gaýtmaýandygyny görse bolýardy.
Degişli maglumat Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk üçin studentlerden pul alynýar“Bu ýyl ýöriş maşklaryna gatnaşýanlardan edilýän talaplar indi bir aýa golaý netije bermedi. Guramaçylaryň adamlardan münberiň golaýynda ‘ýüz güldürmek, şadyýan, bagtly görünmek’ talaplary islenilişi ýaly ýerine ýetirilmeýär” diýip, Balkan sebitiniň bir ýaşaýjysy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, işden kowulmak gorkusy astynda, guramaçynyň deň ýöräp, ellerindäki şarlary we baýdaklary galgatmak barada edýän talaplaryny ýerine ýetirseler-de, maşka gatnaşýan adamlaryň ýüzlerinde hakyky şatlyk alamatlaryny görkezmek, olary gowy ýylgyrtmak başartmaýar.
Netijede, habarçy bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşmäniň aýtmagyna görä, telewideniýe üçin edilýän ýazgyda daşdan, umumy planda düşürilen wideo görnüşlerini ulanyp, golaýdan, uly plandaky adamlaryň şatlykly ýüzüni görkezjek bolmazlyk kararyna gelindi.
“Türkmenistanyň teleýaýlymlarynda beriljek ýazgylar üçin diňe dabaraly ýörişe gatnaýan teatr işgärleriniň şatlyk-şowhunlaryny ulanyp, olary arhiwdäki köne ýazgylardan alnan bölekler bilen utgaşdyryp, montaž edip görkezmek kararyna gelindi. “Şöhrat” diýip gaty, üç gezek guwançly gygyrmaly ýerinde hem ses gataldýan we bezeýän enjamlaryň kömegi bilen döredilen şowhunlary ulanmaly etdiler” diýip, çeşme ýatdy.
Baýramçylyk dabarlarynyň wideo ýazgysy üçin Mary welaýatynda guralan çäreler hem köp adamy işden goýýar. Sebitiň Ak öý binasynda edilýän wideo ýazgylaryna býujet işgärleri bilen birlikde studentler hem gatnaşýar diýip, Azatlyk bilen gürleşen mugallym ‘talaba laýyk geýinmegiň” esasy talap bolmagynda galýandygyny aýtdy.
“Gelin-gyzlar türkmen ýakaly, esasan ýaşyl, gök, gyzyl reňkli pommah köýnekli, ýerligi goňur, sary gülli öýmeli, durmuşa çykmadyk gyzlar köýnekleriniň reňkinde kiçi ýaglyk daňnan bolmaly; erkek adamlar, hemişekileri ýaly, ak köýnekli, gara jalbarly we tahýaly bolmaly” diýip, adynyň aýdylmagyny islemedik pedagog şol bir ‘köne kinonyň’ gaýtalanýandygyny, ‘täzeligiň ýokdugyny’ hem sözüne goşdy.
Degişli maglumat G.Berdimuhamedowyň doglan gününiň öňüsyrasynda Arkadagda ýary gijä çenli arassaçylyk işleri geçirildi“Zalda oturanlaryň ellerinde depderçe, ruçka ýa-da şuňa meňzeş başga bir zat bar, bu çärelere gatnaşýanlaryň ählisi mejbury ýagdaýda getirilýär” diýip, ol bu hili çäreleriň işgärleri işden, talyplary okuwdan goýýandygyny, işleýän adamlaryň iş wagtynda öz işi, okaýan adamlaryň okuw wagtynda öz okuwy bilen bolmalydygyna düşünmezligiň ýa düşünmek islemezligiň gaty uzaga çekendigini aýtdy.
“Mekdeplerde, çagalar baglarynda işleýän mugallymlar okatmaly sapaklaryny okatman, oňa derek çäreden çärä sürülýär, olaryň yzynda galýan mekdep okuwçylary sapak wagtlary tamamlanýança mekdebiň çäginden çykman, wagtlaryny oturyp geçirmeli bolýarlar. Çagalar baglarynda bolsa, 40 çaga ýekeje enekäniň seredýän halatlary hem bolýar. Çäre bolsa, iş gyzyklandyrmaýar. Umuman, geçirilýän çäreler işden, döwlet kanunlarynda aýdylýan zatlardan zerur” diýip, ýaşuly mugallym Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
Türkmenistanda býujet edaralarynyň işgärlerini, studentleri köpçülik çäreleri üçin serişde hökmünde ulanmak soňky otuz ýylda uly alada öwrülen mejbury zähmetiň bir bölegi bolup, hukuk goraýjylaryň aýtmaklaryna görä, hökümetiň adam hukuklary we azatlyklary barada öz üstüne alan borçlaryna ters gelýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.