Koreýa Respublikasynyň prezidenti Ýun Sok Ýol 10-11-nji iýunda Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrar, TDH onuň ozal Aşgabada 2019-njy ýylda gelendigini belleýär. Gepleşikler wagtynda koreýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde gurlan kärhananyň, Gyýanlydaky zawodyň 'düşen ýagdaýynyň' ara alnyp maslahatlaşyljakdygy ýa däldigi belli däl.
Habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, häzir Türkmenistanda birnäçe koreý kompaniýasy işleýär we olar infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine, gaz känlerini özleşdirmek, senagat kärhanalaryny gurmak işlerine gatnaşýar.
Türkmen tarapy bu saparyň iki ýurduň arasyndaky işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda goşmaça mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirýär.
Hususan-da, energetika, “akylly” şäherler ýaly möhüm hem-de geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek meselelerine garalmagyna garaşylýar diýip, türkmen metbugaty habar berdi.
Maglumat üçin aýdylsa, şu ýylyň başynda Balkan welaýatynyň Gyýanly obasyndaky polimer zawodynyň işini doly diýen ýaly togtadandygy mälim boldy.
Bu kärhana 2018-nji ýylda, Gaz himiýa toplumy, “Turkmengaz”, Günorta Koreýanyň “LG International Corp” we “Hyundai Engineering”, şeýle-de Ýaponiýanyň "TOYO Engineering Corporation" kompaniýalarynyň arasynda 2013-nji ýylda gol çekilen üç taraplaýyn şertnama esasynda guruldy.
Degişli maglumat Gyýanlydaky polimer zawody işgärlerini işden çykaryp işini togtatdyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.