Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy ýadro ýaraglaryna garşy çykýan Ýaponiýanyň “Nihon Hidankýo” toparyna berildi

Bezeg suraty

Şu ýylky Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy Ýaponiýanyň “Nihon Hidankýo” toparyna berildi. Bu Hiroşimadaky we Nagasakidäki atom bomba partlamasyndan aman galanlaryň topary bolup, ol ýadro ýaraglarynyň ýok edilmegi ugrunda tagalla edýär.

Norwegiýanyň Nobel Komiteti bu netijäni 11-nji oktýabrda Osloda yglan etdi we şu ýyl bu baýrak üçin 197 şahsyň we 89 guramanyň teklip edilendigini belledi.

Mundan öň, Günorta Koreýaly 53 ýaşyndaky ýazyjy Han Kang 2024-nji ýylyň Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi boldy. Munuň “onuň taryhy şikeslere garşy durýan we adam ömrüniň näzikligini açyp görkezýän täsirli şahyrana prozasy üçin” berlendigi aýdylýar.

Şwesiýanyň Akademiýasynyň Nobel Komiteti bu baýragyň eýesini 10-njy oktýabrda Stokgolmda yglan etdi.

2016-njy ýylyň Halkara Buker Baýragynyň laureaty Kang has köp özüniň Wegeterýan atly romany bilen tanalýar.

Kang Nobel baýragyny alan ilkinji aziýaly zenan boldy. Şeýle-de ol Edebiýat boýunça Nobel baýragyny alan üçünji koreýaly boldy.

Dinamiti oýlap tapan şwesiýaly alym we telekeçi Alfred Nobel bu baýragy 1901-nji ýylda esaslandyrypdy. Şondan bäri ol her ýyl ylymda, edebiýatda we parahatçylyk ugrundaky tagallalarda öňde saýlanan şahslara berilýär. Baýragyň ykdysady ugry soň goşuldy.