Günorta Koreýada prezident ýurduň taryhynda ilkinji gezek tussag edildi

Tussag edilen prezident ýokary derejeli resmileriň korrupsiýa işleriniň derňelýän bölümine äkidildi

Günorta Koreýada ýurduň taryhynda ilkinji gezek prezident, wagtlaýyn iş başyndan gyrakladylan Ýun Sok-Ýul tussag edildi diýip, “Yonhap” habar gullugy habar berdi.

Agentligiň çeşmeleri kazyýetiň Ýun Sok Ýolyň tussag edilmegine üç aýyplama esasynda ygtyýarlyk berendigini, onuň öz wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmakda, konstitusiýa ylaýyk gelmeýän ýagdaýda harby kanun düzgünini girizmek we pitne turuzmak synanyşygynda aýyplanýandygyny habar berdi.

Tussag etmek baradaky buýruk ikinji synanyşykda ýerine ýetirildi.

Üçünji gün irden 200 töweregi polisiýa işgäri we Korrupsiýa garşy göreş býurosynyň 40 sülçüsi Ýunyň rezidensiýasyna gelip, ony sorag etmek üçin alyp gitjek boldy. Emma, 12 gün ozal, ilkinji gezekde bolşy ýaly, olar prezidentiň howpsuzlyk gullugy bilen gapma-garşylyga girdiler.

Takmynan iki ýarym sagatdan soň, üç hatar päsgelçiligi ýeňip geçip, merdiwanlardan peýdalanyp, polisiýa işgärleri we sülçüler binanyň içine girmegi başardylar.

Ýun tussag edilmeginiň bikanundygyna ynanýandygyny, ýöne gan dökülmezligi üçin derňewçilere we polisiýa tabyn bolmak kararyna gelendigini aýdyp, gysgaça wideo beýanat etdi.