Gündogarda urşuň möwjemegi bilen, Zelenski BMG Baş Assambleýasyna ýüzlener

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdene "ýeňiş meýilnamasyny" hödürlemezinden öň, 25-nji sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda çykyş eder. Bu çykyş Ukrainanyň şäherlerine urulýan dyngysyz zarbalaryň arasynda, ruslaryň ýurduň gündogarynda edýän hüjümleriniň haýal, ýöne dowamly ilerleýän wagtynda edilýär.

Zelenski BMG-niň ýyllyk Baş Assembleýa çäresine gatnaşmak üçin ABŞ-a geleli bäri ýygjam diplomatic missiýasynda bolup, ABŞ-nyň esasy kanun çykaryjylary bilen duşuşdy we ABŞ metbugatynda çykyş edip, Waşingtony Ukraina üçin berýän aýgytly goldawyny saklamaga çagyrdy.

Ukrainanyň prezidenti 24-nji sentýabrda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine Russiýanyň parahatçylyga diňe "mejbur edilip bilinjekdigini" aýtdy we Eýran bilen Demirgazyk Koreýany Ukraina garşy edilen hüjümlerde ulanylan ýaraglar bilen üpjün edip, Moskwa kömek eden "şärik" diýip ýazgardy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin "köp halkara kadalaryny we düzgünlerini bozdy we özünden bilip saklamaz. Russiýa parahatçylyga diňe mejbur edilip bilner we bu hut edilmeli zerut zat: bu uruşdaky ýeke-täk agressor hökmünde, BMG-niň Düzgünnmasyny ýeke-täk bozujy hökmünde, Russiýany parahatçylyga mejbur etmeli" diýip, Zelenskiý aýtdy.

Zelenski Putin bilen gürleşmek pikiriniň "akyla sygmaýandygyny" aýtdy we Russiýany, “olaryň ýaraglary bilen özlerini, ukrainalylary öldürip, Ýewropada alyp barýan jeneýatçylykly urşuna Eýrany we Demirgazyk Koreýany hem de fakto şärik etmekde” tankytlady.

Zelenskiniň 26-njy sentýabrda Baýden bilen ara alyp maslahatlaşjak ýeňiş meýilnamasynyň jikme-jiklikler entek belli däl, emma ol bu meýilnamanyň konflikti soňlamak üçin "köpri" boljakdygyny aýtdy.

Habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, bu meýilnama ABŞ-nyň güýçlendirilen harby we maliýe goldawyny, howpsuzlyk kepilliklerini, şeýle-de Russiýa garşy sanksiýalaryň artdyrylmagyny talap eder.

Birleşen Ştatlar, Ukrainanyň esasy goldawçysy we Günbatar ýaranlary Kiýewe milliardlarça dollarlyk harby kömek we beýleki kömekleri berdi, şol bir wagtyň özünde-de Moskwa garşy tapgyrlaýyn sanksiýalary girizdi.

Zelenskiýiň diwanynyň başlygy Andriý Ýermak Kiýewiň isleýän esasy howpsuzlyk kepilliginiň NATO agzalygy bolup durýandygyny aýtdy. Kiýew bu talaby birnäçe ýyl bäri öňe sürýär, emma ol Günbatar, şol sanda Waşington tarapyndan ynamsyz garşylandy.

Şeýle-de, Zelenski Ukraina berlen uzak aralyk raketalaryny Russiýanyň içindäki harby nyşanalara zarba urmak üçin ulanmak barada soraýan rugsadyny ýene bir gezek sorajakdygyny yşarat etdi. Emma bu mesele Ukrainanyň ýaranlarynyň arasynda bölünişik döredýär.

Ol 24-nji sentýabrda Waşingtony urşuň gutarmagyny tizleşdirmek üçin "aýgytly" çäre görmäge çagyrdy. Zelenski ABŞ-nyň kanun çykaryjylarynyň iki partiýaly wekiliýeti bilen bolan duşuşygynda Waşingtonyň Kiýewi üýtgewsiz goldaýandygy üçin Kiýewiň minnetdarlygyny bildirdi we ABŞ-nyň Ukrainanyň azatlygyny goramakda oýnaýan aýgytly roluny nygtady.

Zelenskiniň meýilnamasynyň jikme-jiklikleri bolmasa-da, Ukrainanyň iň ygrarly günbatar ýaranlarynyň käbiri bu konfliktiň eglişikli çözgüdini tapmagyň zerurdygyny yşarart etdiler.

Çehiýanyň prezidenti Petr Pawel 23-nji sentýabrda “New York Times” gazetinde çap edilen intwerwiýusynda ukrainalylaryň Russiýanyň basyp alan ähli ýerlerini yzyna almak mümkinçiligi barada "realist bolmalydygyny" aýtdy. Ýogsa onuň ýurdy Kiýewiň iň güýçli goldawçylarynyň biri bolup, Ukrainany ýüzlerçe müň artilleriýa topy bilen üpjün eden Çeh ok-däri başlangyjynyň, millionlarça dollarlyk programmanyň hereketlendiriji güýji bolup durýar.

"Ukrainanyň ýeňilmegi ýa-da Russiýanyň ýeňilmegi barada aýdylanda, bu beýle bolmaz" diýip, gazet Paweliň sözlerine salgylanyp ýazdy: "Şu sebäpden ahyrky netije bu ikisiniň arasynda bir ýerlerde bolar" diýip, Pawel sözüniň üstüni ýetirdi.

Pawel sözüni dowam etdirip, 2 ýarym ýyldan gowrak dowam edýän uruşdan soň, ukrainleriň öz ýaranlaryndan alyp biljek goldwalary babatynda hem “realist bolmaldygyny”, sebäbi olaryň Russiýa garşy söweş üçin berilýän kömegi azaltmak barada barha ýokarlanýan içerki basyş bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýtdy

Territoriýasnyň bäşden bir bölegini Russiýa aldyran Kiýew bu hili mümkinçilige birnäçe gezek, gaýta-gaýta garşy çykdy.