Günbatar Owganystanda hepdäniň ahyrynda azyndan 2000 adamy heläklän ýer sarsgynlarynyň yz ýany, 11-nji oktýabrda irden bolup geçen 6,3 magnitýudly soňky ýertitremede azyndan bir adam öldi, 120 adam ýaralandy.
ABŞ-nyň Geologiýa gözleg gullugy 6,3 güýjündäki soňky ýertitremäniň Herat welaýatynyň adybir sebit merkezinden 28 kilometr aradaşlykda bolandygyny aýtdy.
Herat welaýatynyň sebit hassahanasynyň Tiz kömek gullugynyň dolandyryjysy Abdul Zahir Nurzai sarsgynda azyndan bir adamyň ölendigini 120 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.
“Serhetsiz lukmanlar” ýardam topary soňky sarsgynda Heratyň welaýat hassahanasyna 120 çemesi ýaradaryň getirilendigini aýtdy. Fransuz dilindäki “MSF” gysgaltmasy bilen hem tanalýan ýardam topary sebit hassahanasyna özüniň goşmaça lukmançylyk serişdelerini iberendigini hem-de ol ýerde goşmaça dört saglyk çadyryny gurnaýandygyny aýtdy.
“Biziň toparymyz gyssagly ýagdaýlardaky saglyk bejergileri bilen hem-de saglyk çadyrlarynda ýagdaýy kadalaşan hassalara seretmek bilen ýardam berýär” diýip, “MSF” ozal Twitter hökmünde tanalan X sosial ulgamynda ýazdy.
AFP habarlar agentligi hassalara Herat welaýat hassahanasynyň howlusynda bejergi berilýändigini habar berdi.
Heradyň soňky ýer sarsgynynda iň köp ejir çeken Rabat Sangi etrabyna tiz kömek ulaglary iberildi.
AP habarlar agentligine görä, täze sarsgynda öňki yranmalardan abat galan Çahak obasynda 700 çemesi jaý ýykyldy.
Çahakda häzire çenli adam ýitgileri barada habar berilmedi, ýertitremeleri Herady sarsdyrmagy dowam edýän mahaly, adamlar şu hepde janlaryndan gorkup, çadyrlarda pena gözleýär diýip, AP habar berdi
Başga jikme-jiklikler bada-bat mälim bolmady.
7-nji oktýabrda bolup geçen ýer yranmasynyň merkezi Heradyň 40 kilometr töweregi demirgazyk-günbatar sebiti bolup, şäherde we onuň töwereginde 700 müň adam ýaşaýar. Bu ýertitremeden soň, başga-da, azyndan üç sany iri yrgyldy boldy.
ABŞ-nyň Geologiýa gözleg gullugy sarsgynlaryň iň ulusyny 6,3 magnitýutda hasaba aldy, şolardan iň soňky sarsgyn 70 müň çemesi ilatly Zindah Jan şäheriniň 30 kilometr töweregi demirgazyk-gündogarynda boldy.
“Talyban” resmileri hepdäniň ahyrynda bolan ýer titremesinde azyndan 2 müň adamyň heläk bolandygyny aýtdy, ýöne gutarnykly resmi sanlary mälim etmedi.
11-nji oktýabrda “Talybanyň” saglyk ministri Galandar Ebad adam ýitgilerini aşak çekip, olaryň sanyny takmynan 1000-e düşürdi.
“Birinji hadysada 1000-den gowrak adam şehit boldy” diýip, Ebad Kabulda žurnalistlere aýtdy.
Degişli maglumat Owganystanda bolan ýer sarsgyny Türkmenistanda hem duýuldyBütindünýä Saglyk Guramasy sarsgynlarda 11 müňden gowrak adama täsir ýetendigini aýtdy.
Owganystanda ýer sarsgynlary gaýtalanyp durýar. Ol ýerde bir topar seýsmiki töwekgelçilik liniýalary ýerleşýär we golaýdaky üç tektoniki gurluşyň ýygjam hereketleri bolup geçýär.
Owganlar heniz hem soňky ýer sarsgynlarynyň, şol sanda mart aýynda günbatar Pakistanyň we gündogar Owganystanyň giň sebitlerine zarba uran 6,5 güýjündäki yrgyldynyň, hem-de 2022-nji ýylyň iýun aýynda gündogar Owganystana zarba urup, azyndan 1000 adamy heläklän we daşdan hem-de toýun-toprakdan ýasalan jaýlary tekizlän sarsgynlaryň täsirinden dikelmäge çalyşýar.
Owganystan “Talybanyň” 2021-nji ýylyň awgustynda günbatar goldawly owgan hökümetini häkimiýetden agdaryp, ýurtda häkimiýeti ele geçirmeginden soň, daşary ýurt ýardamlarynyň çekilmegi bilen, onsuz hem agyr ynsanperwer betbagtçylygy başdan geçirýär.
Eýran serhedinde ýerleşýän Herat welaýatynyň 1,9 million ilaty bolup, sebitiň oba ýerleri ýyllar boýy gurakçylykdan ejir çekýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.