Harby gullukdan ir boşamak isleýän esgerleriň hossarlary özleri üçin ‘para möwsüminiň’ başlanandygyny aýdýarlar. Tejribeden görnüşine görä, esger maşgalalary iki ýylyň dowamynda, ol ýa-da beýleki möhümlerini bitirmek üçin, serkerdelere dürli möçberde para bermeli bolýar. Ýöne häzirki para, aýdylmagyna görä, gullugy tamamlaýan esgerleriň ene-atalarynyň serkerdelere edip biljek soňky ‘kömegi’ bolar. Şol bir wagtda, gurplurak ene-atalaryň käbiri, serkerdeleriň tapýan ‘hokgalary’ sebäpli, ogullaryny basymrak öýe getirmegiň gullukda saklamakdan arzan düşýändigini aýdýarlar.
Azatlygyň habarçysy Türkmenbaşy şäherine Marydan, Lebapdan, Tejenden gelen ene-atalaryň birnäçesi bilen söhbetdeş boldy. Aýry-aýrylykda gürleşilen esger hossarlarynyň tassyklamagyna görä, olaryň Türkmenbaşynyň deňiz goşunlarynda gulluk edýän ogullaryna 1-nji gün, maý aýynyň birinji hepdesinde öýlerinde bolmak isleseler, ene-atalary bilen habarlaşmalydygy aýdylypdyr.
“Ogluma serkerdesi, ‘möhletinden bir aý öň boşamak isleseň, ene-ataňa 10 müň manat pul getirt, 2-nji maýda öýüňize goýbereýin’ diýipdir. Oglumy daşary ýurda okuw iberjek bolýan, bir gün öň boşasa-da peýda” diýip, anonimlik şertinde gürleşen esger enesi bu parany mejbury ýagdaýda berýändigini aýtdy.
Ýöne, görnüşinden gurplurak adamlara meňzeýän esger hossarlary, ogullarynyň möhletinden bir aý öň boşap, sag-aman öýlerine gowuşmagy üçin, 10 müň manat bermäge taýýardyklaryny aýtdylar.
Degişli maglumat Prokuratura barlaglary harby bölümleriň ‘aýbyny açýar’Jangadaky deňiz serhet flotunda gulluk edýän ogluny wagtyndan öň alyp gitmäge gelen lebaply raýat telekeçilik edýändigini, kiçiräk kärhanasynyň bardygyny, oglunyň öýe bahymrak dolanmagy üçin 10 müň manady gysganmaýandygyny gürrüň berdi.
Ýasaýan etrabyny we iş ugurlaryny, adyny açyk aýdanam bolsa, howpsuzlyk aladalary sebäpli, Azatlyk öz söhbetdeşi baradaky maglumatlary açmaýar.
“Ortaça girdejim bar. Oglumyň öýe irräk gelmegi üçin pul gysganmaýan. Oglum dembl bolup, gaýtam her aýda 3, 5 müň pul soraýar, ony gullukda saklamak gaýtam gymmada düşýär” diýip, telekeçi aýtdy.
Onuň sözlerine görä, harby bölümiň serkerdeleri onuň ogluna we beýleki gurplurak adamlaryň çagalaryna smartfon ulanmak mümkinçiligini döredip, soňundan, her dürli toslama bahana tapyp, gorkuzyp pul alýarlar.
“Mysal üçin, esgerler telefon kamerasynda harby gämileriň golaýynda surata düşen bolsalar, serkerdeler, starşinalar olary ‘döwletiň gizlin obýektini surata düşürmekde’ aýyplap, türme ýa-da 15 gije-gündizlik temmi jezasy bilen gorkuzyp, müňläp manat alýarlar. Oglum sag-aman öýe barsa bolýar” diýip, lebaply telekeçi aýtdy.
Serkerdeleriň esgerlerden para almagynyň ýene bir usuly bolsa, aýry-aýrylykda gürleşilen esger hossarlarynyň tassyklamagyna görä, “dedowşina garşy göreş” diýilýän bilen bagly.
Degişli maglumat Lebabyň polisiýasy gulluga barmadyk raýatlary öýlerinden alyp, harby bölümlere tabşyrýar“Öňden gulluk edip ýören uly esgerler ýaş esgerlere sütem edip duranam bolsa, serkerdeler olara zat diýmeýärler” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi esger oglunyň şaýat bolan ýagdaýlaryny gürrüň berdi. Onuň düşünişine görä, serkerdeler bir tarapdan dedowşina, esgerleriň arasyndaky ‘agalyk’ derdine göz ýumýarlar, ikinji tarapdan ony ýaş esgerlere sütem edýän ‘gödek’ esgerleri kanun adyndan gorkuzyp, pul gazanmak üçin ulanýarlar.
“Olar bu meseläni diňe para bilen çözýärler, harby bölümlerde işleýän ofiserleriň aýlyk haklarynyň az bolmagy olaryň uçdantutma parahor bolup ýetişmegine getiripdir” diýip, söhbetdeşimiz öz pikirini aýtdy.
Akdaş türmesine degişli harby bölümde gulluk edýän esgerleriň ene-atalarynyň aýtmagyna görä, bu ýerde serkerdeler öz garamagyndaky esgerleri her dürli ogurlyga itekleýärler.
“Akdaş türmesindäki harby bölümde gulluk edýän esgerleriň türmede ýatan bendileriň yzyndan gelen azyk önümlerini we beýleki zatlary ogurlap, ofiserlere berýändigi indi hiç kim üçin syr däl” diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy.
Hünärmenleriň käbiri wezipeli adamlaryň arasynda giň ýaýran korrupsiýanyň sebäbini aýlyklaryň bazar sebediniň derejesinden has az bolmagy bilen düşündirse, beýlekileri ony döwletiň resmi we resmi däl walýuta kursy syýasaty bilen baglanyşdyrýar.
Degişli maglumat Ýaragly güýçlerde gulluk borjuny berjaý edenler harby biletlerini 'satyn almaly' bolýarlarAzatlygyň habarçysy harbylaryň ‘parahorlugyndan’ şikaýat edýän ene-atalar bilen söhbetdeş bolanyndan soň, harby işgärleriň hem birnäçesi bilen söhbetdeş boldy. Olar, atlarynyň aýdylmazlygy şertinde gürleşen birnäçe ofiser aýry-aýrylykda, aýlyklarynyň azdygyny, kireýine ýaşaýan kwartiralarynyň bolsa gymmatdygyny aýdyp, şikaýat etdiler.
Azatlygyň habarçylary türkmen goşunynda ýyllar boýy çözülmeýän meseleler, şol sanda aýlyklarynyň az bolmagy, ýaşaýyş şertleriniň agyrlygy sebäpli işden çykýan harbylar hakynda hem habar beripdi. Emma türkmen häkimiýetleri bu meseleler boýunça hiç bir açyk düşündiriş bermeýär.
Döwlet eýeçiligindäki habar serişdelerinde adat bolşy ýaly, Türkmenistanyň harby neşirleri hem goşundaky korrupsiýa, şol sanda pajygaly wakalar, esger pidalary barada hem dymmagy saýlap alýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.