Görnetin “kast ediş synanyşygyndan” soň Tramp sag-gurgun, hadysa täze howpsuzlyk soraglaryny döredýär

FBI "öňki prezident Trampyň janyna kast etmek synanyşygy bolup görünýän zat" we onuň mümmkin bolan sebäpler boýunça geçirilýän derňewe ýolbaşçylyk edýändigini aýtdy.

15-nji sentýabrda Floridadaky golf klublarynyň birinde, Federal derňew býurosynyň aýtmagyna görä, respublikanlardan prezidentlige dalaşgär görkezilen öňki prezident Donald Tramp görnetin “jana kast etmek synanyşygyndan” aman galanyndan soň, iki partiýadan bolan ABŞ resmileri Gizlin gullugy öwdüler we ynjalandyklaryny aýtdylar.

Ýöne bu waka Trampyň janyna kast etmek üçin Pensilwaniýada edilen synanyşykdan aman galanyndan dokuz hepde soň bolup, ýokary derejede polýarlaşan saýlawdan 50 gün öň dalaşgärleriň howpsuzlygy barada täze soraglar döretdi we FBI hem-de Florida ştaty 58 ýaşly güman edilýäniň dürbili hüjüm tüpeňi bilen Trampyň birnäçe ýüz metr golaýyna nädip aralaşyp bilendigini öwrenýär.

FBI ýerli resmilere jogap bermek bilen, "öňki prezident Trampyň janyna kast etmek synanyşygy bolup görünýän zat" we onuň mümmkin bolan sebäpler boýunça geçirilýän derňewe ýolbaşçylyk edýändigini aýtdy.

Florida ştatynyň respublikan gubernatory Ron de Santis öz ştatynyň bu waka boýunça "öz derňewini geçirjekdigini" aýtdy we "halkyň mümkin bolan kast ediji we onuň öňki prezidente we häzirki respublikan dalaşgäre 500 [metr] çäginde nädip golaýlap bilendigi baradaky hakykaty bilmäge haklydygyny" sözüne goşdy.

Polisiýa ozalky prezidentiň “mümkin bolan kast ediş synanyşygyndan soň howpsuz we sag-salamatdygyny” aýtdy. Şeýle-de, Tramp kampaniýasy 78 ýaşyndaky kandidatyň "töwerekde bolan ýaragly hadysadan soň howpsuz ýagdaýdadygyny” aýtdy.

Tramp biraz soň sosial ulgamda Gizlin gullugy we polisiýany, howpsuzlygyny üpjün edendikleri üçin, "batyr we wepaly watançylar" diýip öwdi we muny "elbetde, gyzykly gün" diýip atlandyrdy.

Habar berilmegine görä, Tramp bu wakadan soň öz ýaranlary, şol sanda wise-prezidentlige dalaş edýän ýoldaşy JD Wans we Wekiller öýüniň spikeri Maýk Jonson bilen gürleşdi.

Prezident Jo Baýden we Trampyň 5-nji noýabrda geçiriljek prezident saýlawlaryndaky bäsdeşi, wise-prezident Kamala Harris "syýasy zorlugy" berk ýazgaryp, oňa ABŞ-da orun ýokdugyny aýtdy.

"Biziň ýurdumyzda hiç wagt syýasy zorluga ýa-da islendik başga zorluga ýer ýok, men öz toparyma gizlin gullugyň öňki prezidentiň dowamly howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ähli serişdäniň, mümkinçilikleriň bolmagyny we işjeň çäreleriň görülmegini üpjün etmegi tabşyrdym" diýip, prezident Jo Baýden öz beýanatynda aýtdy.

"Faktlary ýygnamagymyz bilen, men has-da aýdyňlaşdyraryn: Men syýasy zorlugy ýazgarýaryn. Bu wakanyň ... has kän zorluga ýol açmazlygyny üpjün etmek üçin biziň ählimiz öz üstümize düşýän işi etmeli" diýip, Harris bu wakadan özüniň "örän biynjalyk bolandygyny" aýtdy.

Tramp ýakynda Newada we Ýuta ştatyna eden kampaniýa saparyndan gaýdyp geldi we, habar berilmegine görä, onuň kampaniýasy bu wakanyň bolan günündäki meýilnamalaryny yglan etmändi.

Güman edilýän ýaragly

Güman edilýän adamyň adyny ne FBI, ne-de polisiýa aýtdy, ýöne CNN, Fox News, CBS News we The New York Times ýaly amerikan neşirleri ony häzirki wagtda Hawaýide ýaşaýan 58 ýaşly Raýan Wesli Rout diýip tanatdy.

Jemgyýetçilik maglumatlaryna görä, Rout polisiýa bilen öňden gelýän oňuşmazlyklary bolan gurluşykçy işçi. Ol birnäçe ýyl öň Demirgazyk Karolinadan Hawaýä göçdi we sosial media sahypalarynda Demokratlara we Ukraina goldaw bildirdi, şol sanda Ukrainanyň goragy üçin pul ýygnamak isleýändigini aýtdy.

Gizlin gullugyň agentleri 15-nji sentýabrda, Trampyň golf oýnaýan West Palm Beach kursynyň golaýynda ýerleşmek bilen, öňki prezidentden takmynan 400 metr uzaklykda, AK görnüşli tüpeňiň gyrymsy agaçlaryň arasyndan çykyp duran nilini görüpdirler.

Palm Biç okrugynyň häkimi Şerif Rik Bradşawyň aýtmagyna görä, bir agent ol adama ot açypdyr we ýaragly adam tüpeňini taşlap, SUV ulagy bilen, yzynda iki sany arka symkasyny, dürbüsini we GoPro kamerasyny taşlap, gaçyp gidipdir. Bu adam soňra goňşy etrapda hukuk goraýjy edaralar tarapyndan saklandy.

Palm Biç okrugynyň häkimi Şerif Bradşaw metbugat ýygnagynda "Gizlin gulluk edil öz etmeli zatlaryny etdi" diýdi.

ABŞ mediasy Routyň sosial media hasaplarynda Ukrainadaky uruş baradaky ýazgylaryň ýygy-ýygydan çap edilendigini, onuň pul ýygnamaga we Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda öz goňşusyna garşy başlan giň gerimli urşuna garşy söweşmek üçin Kiýewe gitjek meýletinçileri toplamaga çalşan web sahypasynyň bardygyny aýtdy.