Global açlyk gözegçisi Gazadaky açlyk töwekgelçiliginiň ýokarydygyny aýdýar

Urşuň dowam etmegi we daşardan gelýän kömegiň çäkli bolmagy netijesinde, gelip ýetişen azyk ýükleriniň demirgazyk sebitlerde çaklanan aňrybaş açlyk wehimini azaldandygyna garamazdan, Gazada, öňküleri ýaly, açlyk töwekgelçiligi saklanyp galýar diýip, Global açlyk gözegçisi aýtdy.

Azyk howpsuzlygy boýunça integrirlenen klassifikasiýa fazasynyň täzelenen görnüşine laýyklykda, Gaza zolagy boýunça 495,000-den gowrak adam azyk howpsuzlygynyň iň agyr ýa-da "betbagtçylykly" derejesi bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Bu üç aý mundan öň gelnen netijelerden 1,1 million az, ýöne şindem Gaza zolagynyň ilatynyň bäşden birinden gowragyny öz içine alýar.