Şweýsariýanyň Global barlag instituty Täjigistanyň hökümeti bilen "Talybanyň" arasyndaky gizlin gepleşikleriň jikme-jikliklerini aýan etdi.
Şweýsariýanyň Global meseleler baradaky institutynyň (Swiss Institute for Global Affairs – SIGA) 21-nji fewralda habar bermegine görä, Täjigistanyň haýyşy bilen "Talyban" aralykçy hökmünde, jamaat "Ansorullo" bilen gepleşikler alyp barýar. Duşandedäki hökümeti kabul etmeýän ýaragly topar esasan täjik raýatlaryndan ybarat bolup, Owganystanda ýerleşýärler.
Çeşme resmi Täjigistanyň wekilleri bilen Owganystanyň häzirki hökümetiň arasynda, ilkinji duşuşygyň 2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda bolandygyny habar berýär.
Şol gün SIGA-nyň habar bermegine görä, "Talybanyň" gizlin polisiýasynyň ikinji orunbasary Rahmatullo Najibiň ýolbaşçylygyndaky talyp wekilleri Täjigistana gelipdirler we näbelli ýerde gepleşik geçiripdirler.
Bu duşuşykda täjik tarapy ilki bilen “Ansorullonyň” agzalarynyň ekstradisiýa edilmegini sorapdyr. Emma gepleşigiň ahyrynda, iki tarap hem täjik wekilleri bilen “Ansorullonyň” arasynda duşuşyk guramakda, "Talybanyň" ýardam etjekdigi bilen ylalaşypdyrlar.
«Hatda olara “Ansorullonyň” agzalarynyň sanawy we olaryň Owganystandaky ýaşaýan ýerleriniň anyk salgylary-da berildi. Emma "Talyban" muny mümkin däl hasap edýärdi» diýip, duşuşygyň jikme-jikliklerini bilýän owgan hökümetiniň bir agzasy SIGA-nyň wekillerine aýtdy.
Mundan öň, şu ýylyň 8-nji ýanwarynda, Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň çeşmesi Täjigistanyň hökümetiniň terrora garşy bölümi bilen “Talybanyň” arasynda gepleşikleriň bolandygyny tassyklady. Ol çeşme, hususan-da, şulary aýtdy:
«Biz “Ansorullony” uly güýç ýa-da ýurduň milli howpsuzlygyna howp hökmünde görmesek-de, olary ýok etmek üçin, "Talyban" bilen gepleşik alyp barýarys. Gepleşikler dowam edýär. Eger Amerika gepleşik alyp baranynda, näme üçin bize gadaganmyş? Galyberse-de, munuň özi ýurduň howpsuzlygynyň hatyrasyna» diýdi.
Radionyň söhbetdeşi anonimlik şertinde gürleşdi. Şol wagtda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň bu maglumatyň başga çeşmeden tassyklanmagyny tapyp bilmändigi sebäpli, bu maglumat köpçülige mälim edilmedi.
Jamaat “Ansorullo” Täjigistanyň graždany Amriddin Tabarow tarapyndan guraldy, ol oppozisiýa güýçleriniň ozalky serkerdesidi we 1997-nji ýylyň parahatçylyk şertnamasynyň şertlerini kabul etmekden boýun gaçyryp, Owganystana geçip gitdi. Sekiz ýyl mundan ozal onuň ölendigi barada habarlar eşidildi.
Mundan ozal Täjigistanyň häkimiýetleri Owganystanda hereket edýän bu toparyň sanynyň 200-300 adam töweregidigini habar beripdi. Owganystana "Talyban" häkimiýetiniň gelmegi bilen bu topara Täjigistan serhediniň käbir bölekleriniň kontrollygyny geçirdi. Birnäçe wagt mundan öň toparyň ýolbaşçysy Mähdi Arsalonyň "ýitirim bolandygy" baradaky habar ýaýrady, şondan bäri-de, onuň ykbaly nämälim bolmagynda galýar.
«Ansorullo» şertlerini öňe sürýär
"Talyban" bu toparyň Owganystanda hereket edýändigini ret edýär, emma 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň başynda, Täjigistanyň häkimiýetlerine ýazan hatynda, "Ansorullonyň” ýolbaşçylary bilen iki gezek duşuşandyklaryny habar berdiler hem-de olary gepleşik geçirmäge yrmaga çalyşýandygyny aýtdylar.
Şweýsar instituty "Talyban" bilen "Ansorullo" arasyndaky birinji duşuşygyň 2023-nji ýylyň dekabr aýynda bolandygyny ýazýar, ikinji duşuşyk 2024-nji ýylyň ýanwarynda geçirilipdir. Bu barada "Talyban" hökümetindäki çeşme SIGA habar berdi. «Şol duşuşyklarda “Ansorullonyň” wekilleri Täjigistan bilen gepleşik geçirmekden, düýpgöter ýüz öwürdiler». Çeşme «gepleşikler birnäçe sagatlap dowam edenden soň, diňe biraz wagtdan "Ansorullonyň" wekilleri öz pozisiýalaryny ýumşatmaga razy boldular. Olar Täjigistan bilen gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny yglan etdiler, ýöne birnäçe şertleri öňe sürerler».
SIGA maglumatyna görä, “Ansorullonyň” şertlerine şular degişlidir: «Yslam döwletiniň döredilmegi, rus goşunlarynyň Täjigistandan çykarylmagy, “Ansorullonyň” agzalarynyň türmelerden boşadylmagy we yslam medresesiniň döredilmegi». Duşuşyk gutarandan soňra-da, gepleşikler dowam edipdir. Çeşmäniň ýazmagyna görä, “Ansorullo” diňe bir şerti öňe sürmäge razylaşypdyr: ol rus harbylarynyň Täjigistandan çykmagy.
Sebitiň ýerli bir diplomatynyň sözleri bilen aýdylanda, "Talyban" hakykatdan hem Täjigistanyň “Ansorullo” bilen gepleşiklerine ýardam berjek bolup gyzyklanýar, ol topar bolsa rus goşunlarynyň ýurtdan çykmagyny şert edip goýýar. Ýöne diplomat bu şerti amala aşyrmagyň mümkin däldigini aýtdy diýip, SIGA ýazýar.
Olaryň Täjigistanyň hökümeti bilen ylalaşyga barmakdan boýun gaçyrýandyklaryny we öz pozisiýasyna eýermegini dowam edýändigini “Ansorullo” ýakyn çeşme SIGA habar beripdir. "Talybanyň" hökümetinde bolan başga bir çeşmäniň aýtmagyna görä, "ylalaşyk synanyşyklary beýle çynlakaý bolup bilmez".
Emma SIGA-nyň ýazmagyna görä, «şu wagta çenli hiç hili netije bermese-de», synanyşyklar bolýar.
Täjigistanyň hökümeti "Talybanyň" esasy tankytçysy bolup gelýär, olar henizem gadagan edilen ekstremist guramalaryň sanawynda durýar. Owganystanyň Duşanbedäki ilçihanasynyň binasyny öňki Kabul hökümetiniň goýan adamlary dolandyrýar.
Şeýle-de bolsa, soňky döwürde Täjigistan bilen Owganystan käbir hyzmatdaşlyklary täzeden ýola goýdular. Hususan-da, bilelikdäki serhetýaka bazarlary açdylar hem-de elektrik energiýasynyň satylmagyny dikeltdiler. Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy inkär etse-de, ýaňy-ýakynda Owganystanyň Horogdaky konsullygynyň wekilleri "Talybana" tabyndygyny aýtdylar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.