Germanlaryň aglabasy berk serhet düzgünlerini goldaýar

German polisiýasy (arhiw suraty)

Germaniýalylaryň aglabasy has berk serhet düzgünleriniň ornaşdyrylmagynyň tarapynda çykyş edýär diýip, YouGov barlag merkeziniň geçiren soňky pikir soralşygynyň netijelerinde nygtalýar.

Pikiri soralanlaryň 71%-i, gaçybatalga arzasy ret edilen, şeýle-de Germaniýa girmegi gadagan edilen şahslaryň wiza arzalarynyň göni serhediň özünde ret edilmegini goldady.

Maglumata görä, respondentleriň 45%-i, migrasiýany guramalaşdyrmak üçin, serhet gözegçiligini we onuň mümkin ýapylmagyny doly goldaýar.

Mundan başga-da, pikiri soralanlaryň 82%-i Germaniýada kanuny taýdan galmaga rugsady bolmadyklaryň barha köp deportasiýa edilmegini oňlaýar.

Şu hepdäniň başynda, Germaniýanyň içeri işler ministri Nansy Faeser, ýurda bikanun girilmeginiň öňüni almak üçin, ýurduň serhetlerinde wagtlaýyn gözegçilik çärelerini ornaşdyrdy.