Germaniýanyň aşa-sagçy AfD partiýasy regional saýlawda ýeňiş gazandy

Germaniýa üçin Alternatiwa (AfD) partiýasynyň egindeş başlygy Tino Hrupalla

Germaniýada aşa-sagçy partiýa 1-nji sentýabrda geçirilen parlament saýlawlarynda möhüm regional ýeňişi gazandy. Bu öňümizdäki ýyl geçirilmeli milli saýlawlaryň öň ýanynda, kansler Olaf Şolzuň hökümeti üçin urgy boldy.

“Biz ähli partiýalar bilen işleşmäge taýýar we meýilli” diýip, Germaniýa üçin Alternatiwa (AfD) partiýasynyň egindeş başlygy Tino Hrupalla aýtdy.

Migrantlara garşy çykyş edýän partiýa Gündogar Germaniýadaky Týuringiýa ştatynda ilkinji gezek sesleriň aglabasyny, ýagny 33% töweregini almagy başardy, şeýle-de golaýdaky Saksoniýada ikinji orny eýelemäge golaýlady.

Beýleki partiýalar AfD bilen Týuringiýada hyzmatdaşlyk etmek meselesini gaýta-gaýta ret etdiler.