German syýasatçysynyň Belarusdaky fermasynda tussaglaryň zähmetinden peýdalanandygy baradaky aýyplama derňelýär

Ýorg Dornau (arhiw suraty)

Germaniýanyň Saksoniýa ýeriniň prokurorlary ýurduň aşa-sagçy syýasatçysy Ýorg Dornaunyň özüniň Belarusdaky fermasynda türme tussaglarynyň zähmetini ulanandygy baradaky maglumatlar boýunça deslapky derňewi açdy.

Dornau aşa-sagçy, populistik “Germaniýa üçin Alternatiwa” (AfD) partiýasynyň agzasy bolup, ol Belarusda oba-hojalyk önümlerini öndürýän kompaniýanyň hem egindeş ýolbaşçylarynyň biridir.

Belarusyň garaşsyz Reform.news websaýty, golaýda çap eden maglumatynda, 2020-nji ýylda administratiw aýyplamalary esasynda tussag edilen aktiwistleriň Dornaunyň kompaniýasyna degişli sogan ýetişdirilýän mellek ýerlerine işlemäge iberilendigini öňe sürdi.

AfD-niň Saksoniýadaky baş sekretary Ýan Zwerg, partiýanyň “bu işiň indi kanuny açyk ýagdaýda we faktlara esaslanýan görnüşde derňelmegini gowy garşylaýandygyny” aýtdy. Ol “Saksoniýanyň garaşsyz adalatyna bil baglaýandygyny” hem sözüne goşdy.

Geçen aý Saksoniýanyň parlamentiniň kanunçykaryjysy Kerstin Koeditziň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, eger-de bu aýyplamalar dogry bolup çyksa, onda Dornau wezipesinden gitmeli bolar.