Germaniýanyň kansleri Olaf Şoltz Ukraina parahatçylygy getirmek boýunça tagallalaryň gaýtadan güýçlendirilmegine çagyryş etdi. Ol ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen soňky gepleşiklerde ikisiniň-de Russiýany öz içine alýan täze parahatçylyk maslahatyny geçirmek babatynda ylalaşandyklaryny aýtdy.
“Men häzir uruş durumyndan parahatçylyga geçmegi maslahat etmegiň tüýs wagty bolandygyna ynanýaryn, özi-de çalt depginlerde” diýip, Şoltz ZDF telekanalyna beren interwýusynda aýtdy.
Şoltz bir hepde mundan ozal iki sebitde geçirilen döwlet saýlawlarynda özüniň merkez-çep koalisiýasyndaky üç partiýanyň ählisiniň agyr ýitgilere sezewar bolmagyndan soňra ýurt içinde basyş astyna düşdi. Bu saýlawlarda Moskwa bilen oňat gatnaşyklara ymtylýan toparlar has köp seslere eýe boldular.