“Geosky Airlines” awiakompaniýasy Türkmenabada ilkinji ýüküni eltdi

Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menzili

Gürjüstanyň “Geosky Airlines” awiakompaniýasynyň ýük uçary bäşinji gün Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline ilkinji ýük uçuşyny amala aşyrdy diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri Tbilisidäki türkmen ilçihanasyna salgylanyp habar berýär.

Iki ýurduň arasynda ýük howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy Kawkaz, Aziýa we Ýewropa ugurlary boýunça ýük daşamakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berer.

2017-nji ýylda döredilen “Geo Sky” awiakompaniýasy Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy agentliginden (EASA) bu gurama agza döwletleriň 28-ne we Erkin söwda boýunça Ýewropa birleşmesiniň 4 ýurduna ýük daşamak rugsadyny aldy diýip, habarda aýdylýar.