Gazak wizasyny alyp bermekde arada durmagy wada beren 'emelkeş' müňlerçe dollar bilen gaýyp boldy

Balkanly ýaşlar araçynyň wadalaryna ynanyp, oňa adam başyna 1000 dollar, jemi 20 müň dollar möçberinde töleg geçirendiklerini aýdýarlar. Illýustrasiýa suraty.

Gazagystanda ýokary bilim almaga isleg bildirýän 20 töweregi türkmenistanly ýaş raýatlar gazak wizasyny almakda “bir ýerli araçynyň hilegärliginiň” pidasy boldular diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy oktýabrda habar berdi.

Balkan welaýatyndan bolan ýaş ýigitler we gyzlar gazak wizasyny almak üçin ýaňy-ýakynda Gazagystanyň Aşgabatdaky wekilhanasyna ýüz tutupdyrlar.

Ýöne ýaş raýatlar, Aşgabatda “Gazagystan wizasyna isleg bildirýän adamlaryň köp bolanlygy sebäpli, hem-de gazak wekilhanasynda emele gelen uly nobatlar zerarly, özlerine tölegli görnüşde araçylyk edip, gysga wagtda wiza alyp bermegi teklip eden” bir ýerli ýaşaýjynyň hyzmatyny kabul etmäge razy bolupdyrlar.

Ýaş ýigitler we gyzlar araçynyň wadalaryna ynanyp, oňa adam başyna 1000 dollar, jemi 20 müň dollar möçberinde töleg geçirendiklerini, ýöne sekiz gün bäri ondan habar alyp bilmeýändiklerini, telefonynyň bolsa öçürilendigini aýdýarlar.

Olar özleriniň duçar galan ýagdaýlary boýunça Aşgabat şäheriniň polisiýa bölüminden ýardam almak synanyşyklarynyň hem netijesiz bolandygyny aýdýarlar.

Degişli maglumat Daşary ýurtda iş bilen üpjün etmegi wada berýän ‘hilegärler köpelýär’

Habarçymyz Gazagystanyň okuw wizasynyň resmi töleginiň takmynan 150 dollar möçberindedigini habar berýär.

Gazak konsullyk gulluklarynyň web sahypalaryna görä, Gazagystan öz çägindäki bilim edaralaryna, şol sanda ýokary okuw jaýlaryna kabul edilen daşary ýurt döwletleriniň raýatlaryna ýörite okuw wizalaryny hödürleýär.

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ikitaraplaýyn wiza düzgüni hereket edýär.

Aşgabatda gazak ilçihanasy we konsullyk bölümi bar, şeýle-de Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde hem Gazagystanyň konsulhanasy hereket edýär.

Azatlyk Radiosy daşary ýurt döwletlerindäki iş ýa-da okuw mümkinçilikleri boýunça öz watandaşlaryna tölegli hyzmatlary teklip edip, soňra bolsa, beren wadasynda tapylman, ýitirim bolýan “türkmenistanly hilegärler” barada häli-şindi habar berip gelýär.

Gazagystan türkmenistanly ýaşlaryň ýokary bilim almaga isleg bildirýän esasy ýurtlarynyň biri bolmagynda galýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça edarasynyň hasabatyna görä, 2020-nji ýyla çenli Gazagystanda 3 müň 300 çemesi türkmenistanly ýokary bilim alýardy.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda bu ýurtda 2 müň 500 töweregi türkmenistanlynyň ýokary bilim alýandygyny habar berdi.

Şu ýylyň awgustynda Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi ýokary derejeli gazak resmileri bilen duşuşygynda iki ýurduň arasynda ýokary bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini teklip etdi.

Degişli maglumat Lebapda daşary ýurtlara wiza we bilet alyp berýän 'araçylar' peýda boldy

Has ozal, 2017-ji ýylda Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şol wagtky gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen duşuşygynda Gazagystanda ýokary bilim alýan türkmenistanly ýaşlaryň köpdügini aýtdy we gazagystanly ýaşlary hem Türkmenistanda ýokary bilim almaga çagyrdy.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň ýokary bilim pudagynda giň ýaýran korrupsiýa hem-de talyplaryň döwlet guramaçylygyndaky çärelere mejbury çekilmegi bilen bagly aladalaryň arasynda, mümkinçiligi bolan ýaş türkmenistanlylar Russiýa, Türkiýe we Belarus ýaly daşary ýurt döwletlerinde ýokary bilim almaga ýykgyn edýärler.

Türkmenistanyň hökümeti 2019-njy ýylda ýurtda diplomy ykrar edilýän daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň sanawyny çap etdi.

Galyberse-de, daşary ýurt döwletlerinde öz hasabyna ýokary bilim alýan türkmenistanly ýaşlar Türkmenistanda halkara pul geçirmeleri bilen bagly kynçylyklar bilen hem ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.