Gazak prokurorlary žurnaliste ýedi ýyl tussaglyk soraýarlar

Gazak žurnalisti Duman Mukhammedkarimi (çepde) kakasy Almaz Tilepow bilen kazyýet diňlenişiginde (arhiw suraty)

Gazagystanyň günortasyndaky Konaýew şäheriniň prokurorlary žurnalist Duman Mukhammedkarimi ekstremistiki topary maliýeleşdirmekde we gadagan edilen toparyň hereketlerine gatnaşmakda günäli tapyp, oňa ýedi ýyl türme tussaglygynyň berilmegini soradylar. Mukhammedkarimi aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdyp, olary ret edýär.

Onuň aklawçysy Murat Žolsiýewiň 29-njy iýulda Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, prokurorlar Mukhammedkariminiň üç ýyllap jemgyýetçilik hereketlerine gatnaşmagyna gadagançylyk girizilmegini hem sorapdyrlar.

Ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen kazyýet diňlenişiginiň dowamynda, suduň binasynyň daşynda Mukhammedkariminiň 40 töweregi goldawçysy toplandy.

Mukhammedkarimi kazyýet diňlenişiginiň gizlin geçirilmegine protest edip geçiren ençeme açlyk çärelerinden soň, saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy sebäpli, 18-nji iýulda keselhana geçirilipdi.

Mukhammedkariminiň “Näme diýdi?” atly YouTube kanaly Gazagystanda örän meşhurdyr. Ol hökümetiň ýiti tankytçysy, öz-özünden bosgunlyga çykan bankir Muhtar Ablýazow bilen geçiren onlaýn söhbetdeşliginden soň, 2023-nji ýylyň iýunynda deslapky tussaghana ýerleşdirilipdi.

Ablýazowyň “Gazagystanyň Demokratik Saýlawy” hereketi 2018-nji ýyyň martynda Gazagystanda gadagan edildi.