Gazak prokurorlary Nazarbaýewiň ýegeniniň öňki aýalyna goşmaça türme möhletini soraýarlar

Almatynyň ýörite jenaýat kazyýeti (arhiw suraty)

22-nji awgustda gazak prokurorlary Almatynyň ýörite jenaýat kazyýetinden ýurduň ozalky awtoritar lideri Nusoltan Nazarbaýewiň tussaglykdaky ýegeniniň öňki aýalyna 12 ýyl türme tussaglygynyň berilmegini soradylar.

Häzir başga etmişler üçin türme tussaglygyny geçýän Gulmira Satybaldy garşy bildirilýän täze aýyplamalaryň arasynda, adamy erkine garşy azatlykdan mahrum etmek we zor bilen pul almak ýaly aýyplamalar hem bar.

Derňewçileriň maglumatyna görä, 2019-njy ýylda Satybaldy özüniň sürüjisiniň kömegi bilen, biznes şärigi we garyndaşy Abaý Žunsowy öz islegine garşy 165 günläp üzňelikde saklapdyrlar. Maglumatda munuň Žunsowyň alyp barýan ençeme biznesinden el çekmegi üçin edilendigi aýdylýar.

Satybaldy häzir iki türme möhletini geçýär. Oňa birnäçe kärhananyň emläklerini we paýlaryny bikanun eýelemek we talaňçylyk aýyplamalary esasynda sekiz ýyl, şeýle-de jenaýata getiren hereketler we ogurlyk aýyplamalary boýunça ýedi ýyl türme tussaglygy berildi.