Gazak prezidenti jedelli ýadro elektrik desgasy boýunça referendumyň senesini yglan etdi

Illýustrasiýa suraty

Gazagystan ýurtda ýadro elektrik desgasyny gurup-gurmazlyk boýunça 6-njy oktýabrda referendum geçirer. Bu barada gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mälim etdi.

Tokaýew esasan nebit we gaz ýataklaryna bagly Gazagystanda, energiýa çeşmeleriniň diwersifikasiýasy üçin, bu proýektiň zerurdygyny hem aýtdy.

Gazagystan ýadro elektrik desgalarynda ulanylýan uranyň dünýädäki iň iri önümçileriniň hem biridir.

Gazagystanyň energetika ministri Almassadam Satkaliýew ýurduň daşky gurşaw boýunça borçnamalaryny, şeýle-de barha artýan içerki elektrik önümçiliginiň talaplaryny berjaý edip bilmegi üçin, ýadro elektrik desgasynyň gurluşygynyň ýeke-täk çykalgadygyny aýtdy.

Gazagystanda ýadro desgalary baradaky mesele jedelli bolmagynda galýar. Sowetleriň 1949-1991-nji ýyllar aralygynda geçiren ýadro synaglary, şeýle-de Russiýa tarapyndan häzire çenli ulanylýan Baýkonur älem-merkezi ýurduň daşky gurşawyna juda ýaramaz täsir ýetirdi.