Gazak oppozisiýa aktiwisti 10 ýyl tussaglyga höküm edildi

Asanali Suýubaýew 11-nji sentýabrdaky kazyýet diňlenişiginde.

10-njy sentýabrda Gazagystanda hasaba alynmadyk “Algha, Qazaqstan” (“Öňe, Gazagystan”) syýasy partiýasynyň esaslandyryjy agzalarynyň biri Asanali Suýubaýew, bikanun neşe serişdelerini ýaýratmakda günäli tapylyp, 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ol aýyplamanyň syýasy matlaplydygyny aýdyp, ony ret edýär.

Suýubaýewiň aklawçysy Meýiržan Doskaraýewiň 11-nji sentýabrda Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, onuň müşderisi 2023-nji ýylyň noýabrynda ozalky prezident Nursoltan Nazarbaýewi korrupsiýada aýyplanyndan soň, oňa garşy “toslama iş açylypdyr”.

Mundan başga-da, noýabrda “Algha, Qazaqstan” partiýasynyň başlygy Marat Žylanbaýew, ekstremizm aýyplamalarynda günäli tapylyp, ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ol hem özüne bildirilen aýyplamalaryň syýasy äheňlidigini aýdyp, olary inkär etdi.