Gazak lideriniň Russiýa 'ýeňlip bilinmez' diýmegine garamazdan, Şols Ukrainany goldaýar

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Astanada german kansleri Olaf Şolz bilen gürleşýär.

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 16-njy sentýabrda kansler Olaf Şolz bilen söhbetdeşlikde rus goşunynyň Ukraina garşy alyp barýan urşunda "ýeňlip bilinmejekdigini" aýtdy we Hytaý, Brazil tarapyndan öňe sürlen parahatçylyk meýilnamasyna goldaw berilmegine çagyrdy, emma german lideri bu pikiri ara alyp maslahatlaşmagy ret etdi.

"Russiýanyň harby manyda ýeňlip bilinmejekdigi fakt" diýip, Tokaýew Merkezi Aziýa edýän taryhy saparynyň çäginde Astana gelen Şolsa aýtdy. "Urşuň mundan aňryk möwjemegi bütin adamzat üçin, ilkinji nobatda bolsa Russiýa-Ukraina konfliktine gatnaşýan ýurtlar üçin düzedip bolmajak netijelere getirer" diýip, gazak lideri aýtdy.

Şolz Berliniň Kiýewi goldaýandygyny, sebäbi Russiýanyň Ukraina garşy urşunyň hiç bir sebäpsiz başlanandygyny aýtdy. "Russiýa diňe urşa başlaman, eýsem ony dowam etdirýär we agressiýasyny duruzmak bilen, ony soňlamaga islendik wagt goşant goşup biler" diýip, Şols sözüniň üstüni ýetirdi.

Iýun aýynda 90-dan gowrak ýurt Şweýsariýada geçirilen parahatçylyk konferensiýasyna gatnaşdy.

Emma Russiýa bu maslahata çagyrylmady, Russiýanyň ýarany Hytaý bolsa oňa gatnaşmakdan ýüz öwürdi.

Ukraina rus goşunlarynyň ýurt çäginden çykarylmagyny talap edýän parahatçylyk teklibini öňe sürdi. Beýleki ýurtlar, şol sanda Hytaý we Brazil, Kremliň basylyp alnan ukrain topraklaryny saklamaga mümkinçilik berýän ylalaşyga basyş edýärler, Kiýew muny düýbünden ret edýär.

20 million töweregi ilaty bolan öňki sowet respublikasy uzak wagt bäri Russiýanyň ýakyn ýarany bolan hem bolsa, Astanadaky hökümet Kremliň Ukrainanyň territoriýasyna bildirýän talaplaryndan edýän aladalaryny bildirdi we Günbatar bilen gowy gatnaşyklary saklamaga synanyşdy.

"Ukrainadaky uruş başlanaly bäri Merkezi Aziýa amatly geosyýasy giňişlikde özüni täzeden dikeltmek mümkinçiligine eýe boldy" diýip, Glazgow uniwersitetiniň mugallymy Luka Anceski geçen aý Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

"Olar, Belarus ýaly, Ukrainada Russiýanyň tarapynda durmaýandyklaryny aýtmaga synanyşýarlar, emma olar Ukrainanyň tarapynda hem däl. Olaryň Günbatar bilen arabaglanyşygy bar, emma olar Günbatar tarapdary hem däl" diýip, Ançeski aýtdy.

Germaniýa Ukrainany maliýe goldawy bilen üpjün etdi, ýöne Kiýewi agyr ýaraglar, şol sanda tanklar bilen üpjün etmäge garşylyk görkezdi.

Şolzyň üç günlük sapary 15-nji sentýabrda Özbegistanda migrasiýa şertnamasyna gol çekişmek bilen başlandy we 16-17-nji sentýabrda Gazagystanda, bir ýyl ozal Berlinde başlanan Merkezi Aziýa-Germaniýa formatynyň ikinji duşuşygyna gatnaşmak bilen dowam edýär.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän halkara guramasy (HRW) Germaniýanyň kansleri Olaf Şolzy şu hepde post-sowet sebitiniň bäş prezidenti bilen geçirýän duşuşanda adam hukuklary meselesini gozgamaga çagyrdy. Ol Merkezi Aziýada geçiriljek sammite gatnaşan ilkinji nemes kansleri hökmünde taryha girer.

"German hökümeti sebitde adam hukuklary ýagdaýyny düýpli gowulandyrmak mümkinçiligini ulanmazdan Merkezi Aziýa bilen ýakyn aragatnaşyk gurýandan bolup bilmez" diýip, HRW aýtdy.

“Ýakynda geçiriljek sammit muny açyk-aýdyň etmek mümkinçiligini berýär" diýip, HRW sebitde dowam edýän hukuk meselelerine, "protest bildirmek we pikir beýan etmek hukugyny basyp ýatyrmak, aktiwistleri türmä basmak, tussaglykda gynamak, raýat jemgyýetine garşy basyş etmek, aýal-gyzlara garşy zorluk ulanmak, howpsuzlyk güýçleriniň eden-etdiliklerine çäre görülmezligi, erkin we adalatly saýlawlaryň bolmazlygy" ýaly ýagdaýlara ünsi çekdi.

HRW geçen aý 31 ýaşly komik Aleksandr Merkulyň tussag edilmegine salgylanyp, Gazagystany söz azatlygyny çäklendirmegi we şortalary yzarlamagy bes etmäge çagyrdy.

Germaniýa Merkezi Aziýa bilen aradaky energiýa gatnaşyklaryny ösdürmek meselesi bilen köpden bäri gyzyklanýar, emma Russiýanyň Ukraina garşy başlan giň gerimli urşy Germaniýany we beýleki ýewropa döwletlerini energiýa we mineral importy üçin başga-başga ýerleri gözlemäge iterdi.

Şu hepde gazak, gyrgyz, täjik, türkmen we özbek liderleri bilen geçirilýän sammitde has giň ykdysady we ösüş gepleşikleri bilen birlikde, esasan energiýa meselesine has köp üns berler diýlip garaşylýar.

Bäş ýurduň iň ulusy we iň baýy bolan Gazagystan Russiýa garşy girizilen sanksiýalaryň talaba laýyk ýerine ýetirilmezliginde aýyplandy. Emma muňa garamazdan, Gazagystan bilen aradaky energiýa hyzmatdaşlygy ösýär.

Gazagystanda öndürilen çig nebit geçen ýyl, rus nebitiniň azaldylmagynyň öwezini dolmak üçin, 4000 kilometr aralygy geçip, “Družba” geçirijisi bilen Russiýanyň günortasyndaky Tatarstan sebitinden Belarus, Polşa arkaly Germaniýa çenli akdyrylyp başlandy.

Tokaýew german kansleri bilen geçiren duşuşygyna ýokary baha berdi we onuň bu ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary "täze derejä" çykarjakdygyny aýtdy.

"Biziň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyz strategiki hyzmatdaşlygyň ruhunda giňeldiler" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.