Gazak emeldarlarynyň aýallarynyň we çagalarynyň Dubaýdaky gozganmaýan emlägi. Žurnalistiki derňew

Dubaýdaky Palm Jumeirha

Täze derňewiň netijeleri Gazagystanyň resmileriniň, syýasatçylarynyň we olaryň dogan-garyndaşlarynyň Birleşen Arap Emirliklerinde gozganmaýan emläk üçin, millionlarça dollar sarp edendigini görkezdi.

70-den gowrak ýurduň žurnalistleri Dubaýda gozganmaýan emläk barada, syzyp çykan müňlerçe maglumaty derňediler. Dokumentler, esasan, 2020-nji we 2022-nji ýyllardaky barlyşyklar bilen baglanyşyklydyr.

Ol maglumatlar ilki başda Waşingtonda ýerleşýän Halkara jenaýatçylygy we konfliktleri öwrenýän goranyş barlaglary merkezi (C4ADS) tarapyndan alyndy. Dokumentler soňra Norwegiýanyň e24 Merkezine, ýagny dünýäniň dürli künjeginden onlarça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumat setini utgaşdyrýan Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary proýektine (OCCRP) gowşuryldy.

Global barlaglaryň Gazagystan bölümi #DubaiUnlocked haştagy bilen bellenip, ol «Dubaý. Gazagystanyň beýleki paýtagty» diýlip atlandyrylýar. Gazagystanlylaryň satyn alan jaýlary, esasan kaşaň emlägi hem baý myhmanhanalary bilen tanalýan Marsa Dubaý sebitindäki Palma Jumeira emeli adada ýerleşýär.

Häzirki syzyp çykan maglumatlardan belli bolşy ýaly, mülk-baýlyk ozalky prezident Nursoltan Nazarbaýewiň töwerek-daşyny gurşan ýakyn adamlaryna degişlidir. Hususan-da, onuň ikinji aýaly Asel Kurmanbaýewa, ýegeni Кaýrat Satybaldy, onuň ejesi bilen iki aýaly we ondan bolan çagalary, majшlisiň ozalky spikeriniň maşgalasy, Merkezi saýlaw komissiýasynyň öňki başlygynyň maşgala agzalary we beýlekiler bar.

Emiratdaky gazagystanly mülk eýeleri baradaky maglumatlary “Wlast” neşiriniň žurnalistleri barlap gördüler. Neşir emläk eýeleriniň atlaryny we emläk bahalaryny çap etdi, olaryň eýeleri esasan öňki we häzirki ýokary wezipeli resmileriň aýallary, çagalary, ene-atalary we dogan-garyndaşlary. Maglumat çap edilmezinden öň, olardan barlagda agzalýan sanlara kommentariýa bermek haýyş edildi, emma bellenilişi ýaly, diňe sanlyja adam jogap berdi.

NAZARBAÝEWIŇ AÝALY WE ONUŇ ÝEGENI

Barlagyň netijelerine görä, Gazagystanyň öňki prezidentiniň ýegeni Kaýrat Satybaldynyň we onuň maşgala agzalarynyň Marsa Dubaýda, bahasy 2,2 million dollardan gowrak bolan bäş jaýy bar.

2022-nji ýylyň ýanwar wakalaryndan öň, Satybaldy Gazagystanyň täsirli adamlarynyň biridi. Ol 2022-nji ýylyň martynda saklanyp, döwlet eýeçiligindäki emlägi ýoklamakda aýyplandy we alty ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Gazagystanyň korrupsiýa garşy göreş gullugy soňra Satybaldynyň ýüzlerçe milliard tengä barabar emlägi we pullary yzyna gaýtarandygyny aýtdy.

"Wlast" neşiriniň maglumatyna görä, Satybaldy we onuň aýaly Asel Bahtiýarkyzyñ eýeçiligindäki Dubaýdaky kwartiralar häzir başga adamlara degişli. Şol bir wagtda Bahtiýarkyzyñ emläginiň bir böleginiň resmi eýeleri onuň uýasy we adamsy bolup durýar. Satybaldynyň ejesi Swetlana Nazarbaýewa we beýleki aýaly Saida Kanatbekkyzy häzirem mülküň belli bölegine eýelik edýärler.

Bu barlagda Gazagystanyň eks-prezidentiniň ikinji aýaly Asel Kurmanbaýewa Palm Jumeirha etrabynda 270 müň dollardan gowrak bahasy bolan jaýyň eýesi hökmünde sanalyp geçilýär. 2022-nji ýylyň ýanwar wakalaryndan soň, ozalky prezidentiň beýleki garyndaşlaryndan tapawutlylykda, Kurmanbaýewanyň wezipesinden mahrum edilmändigi bellenilýär, ol henizem «Astana balet» döwlet teatrynyň çeperçilik müdiri.

MAJILISIŇ ÖŇKI BAŞLYGYNYŇ, ÖŇKI MSK ÝOLBAŞÇYSYNYŇ AÝALLARY

Bellenilişine görä, umumy bahasy 4,3 million amerikan dollaryndan gowrak bolan 50-den gowrak emläk, MajIlisiň öňki spikeri Nurlan Nigmatuliniň aýaly Wenera Baýmurzaýewa degişli. Nigmatulin 2022-nji ýylda wezipesinden aýryldy we jemgyýetçilik nazaryndan ýitdi. Ol beýleki ýagdaýlar bilen birlikde, özüne we doganlaryna garşy başlanan jenaýat işleri hakdaky ençeme habarlar barada, hiç hili reaksiýa bildirmedi.

Nigmatulinler maşgalasynyň «Казахмыс»/KAZ Minerals we «Ordabasy» ýaly iki topar bilen ýakyndan işewür baglanşyklydygy bellenilýär. Soňkusynyň esasy eýesi telekeçi Dinmuhamed Idrisowdyr.

Baýmurzaýyewanyň Dinmuhamed Idrisowyň aýaly Magda Idrisowa bilen bilelikde, 40-dan gowrak jaýy bar. Barlagçylaryň ýazmagyna görä, görnüşinden gozganmaýan emläk maýa goýumy bolmaly.

Palma Jumeirah boýunça barlaglara görä, Merkezi saýlaw komissiýasynyň (MSK) öňki başlygy Berik Imaşewiň maşgalasyna degişli azyndan, iki ýaşaýyş jaýy bar. Öň Adalat ministri we prezidentiň kömekçisi bolan Berik Imaşew 2016-njy ýylyň sentýabr aýyndan, 2022-nji ýylyň Ýanwar wakasyna çenli, bäş ýyla golaý Gazagystanyň MSK-nyň başlygy wezipesini eýeledi. Imaşewiň ogly hem bahasy 310 müň dollardan gowrak bahaly jaýyň eýesi bolupdyr. 2022-nji ýyldan soň emläk satylypdyr ýa-da başga adamlaryň adyna geçirilipdir.

Emirlikde Alžan Imaşewden başga-da, onuň ejesi, ýany Berik Imaşewiň aýaly Leýla Adaýbekowanyň hem jaýy tapyldy. Onuň Palm Jumeirahdaky jaýynyň bahasy 210 müň dollara barabardyr.

Berik Imaşew öňki prezidentiň uly gyzy Dariga Nazarbaýewanyň gudasy. Imaşewiň gyzy Aida Dariganyň ogly Nuraly Alyýewiň maşgalasydyr.

«Dubaý. Gazagystanyň beýleki paýtagty» atly barlagda, Korlan Şaripbaýewa hem görkezilýär. Onuň kakasy Kaýrat Dariga Nazarbaýewanyň adamsy hasaplanýar. 2022-nji ýylyň Ýanwar wakalaryndan soň, Kaýrat Şaripbaýew "KazTransGas" kärhanasyndaky wezipesini ýitirdi. Korlanyň Palm Jumeirah şäherçesindäki jaýynyň bahasy 250 müň dollara barabar. Bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylyndan soñ, ol satylypdyr ýa-da başga adamyň eýeçiligine geçirilipdir.

2022-nji ýylyň ýanwar aýynda, Azatlygyň Gazak gullugy tarapyndan çap edilen maglumatda, Korlan Şaripbaýewanyň Almaty daglarynyň eteklerinde, Nursoltan Nazarbaýew, onuň üç gyzy we ýegeni Kaýrat Satybaldy dagy bilen goňşulykda, ýer bölegine eýedigi aýdylypdy.

2022-nji ýyldan soň, barlagda ady agzalan emläk eýeleriniň köpüsi mülküni satypdyrlar ýa-da başga adamlara geçiripdirler.

Barlagda gazagystanly Panuar Omarowa Palm Jumeirahda bahasy 2,9 million dollardan gowrak bolan aýratyn jaýyň eýesi diýilýär. Onuň äri Asylbek Karibaýew "KazMunaýGas" milli kompaniýasynyň gurluşyna degişli köp sanly nebit-gaz kompaniýalarynyň baş müdiri bolupdy. 2022-nji ýyldan soň, Omarowanyň ol emlägi satandygy ýa-da eýeçiligi başgalara geçirendigi nygtalýar.

Bahasy 510 müň dollara golaý bolan jaýyň eýesi Haýsyn Žumagaliýewa diýlip görkezilýär, ol Gazagystanyň Niderlandiýadaky ilçisi Askar Žumagaliýewiň ejesi. Žumagaliýewanyň telekeçilik üstünlikleri giňden mälim däl. Şeýle-de bolsa, gurluşyga degişli, kireýine almak we gozganmaýan emlägi dolandyrmak bilen baglanyşykly alty kompaniýanyň oňa degişlidigini barlagyň awtorlary belleýärler.

2020-nji ýylyň iýulynda Žumagaliýew Gazagystanyň Digital ösüş, innowasiýalar we aerokosmiki senagaty ministri wezipesinden boşadylyp, Niderlandiýada ilçi wezipesine bellenildi. Ol dürli ýyllaryň dowamynda, premýer-ministriň orunbasary, "Kazahtelecom" we "Kazatomprom" kompaniýasyna başlyklyk edip, dört gezek ministr boldy.

Žumagaliyew Kaýrat Maminiň gyzy Aýnur bilen nikaly. Kaýrat Mami bäş ýylyň dowamynda, Konstitusiýa geňeşine başlyklyk etdi (ol 2022-nji ýylyň ahyrynda dargadylyp, Konstitusiýa kazyýeti hökmünde täzeden döredildi), Senatyň, Baş prokuraturanyň, Ýokary kazyýetiň başlygy boldy. Onuň ogly Miras Mami 2022-nji ýyldan soň, Dubaýdaky emlägini satandygy ýa-da başga birine geçirendigi derňewde bellenýär. Onuň Palm Jumeira şäherçesindäki jaýynyň bahasy 785 müň dollara barabar eken.

Gazagystanyň ozalky Senagat we infrastruktura ösüşleri ministri Kairbek Uskenbaýewiň gyzy Kamila Žarlykapowanyň Marsa Dubaýyň abraýly ýerinden, 790 müň dollarlyk jaýy tapyldy. Kairbek Uskenbaýew 20 ýyla golaý hökümet edaralarynda işledi. Dürli ýyllarda «Baýterek» holdingiň komitetiniň agzasy, Otbasy bank kompaniýasynyň direktorlar maslahatynyň başlyklygy, wise-premýeriň orunbasary hem bolup, 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda wezipeden çekildi.

Beýleki köp sanly emlägiň arasynda, bahasy bir million dollara golaý bolan iki jaýyň bardygyny, olaryň eýesiniň ozalky transport we aragatnaşyk ministri Berik Kamalyýewiň ogullarydygyny barlagyň awtorlary görkezýärler. Ol Günbatar Gazagystanda ýollaryň ýaramaz bejerilmegi bilen bagly prezidentiň tankydyndan soň, 2022-nji ýylyň aprel aýynda wezipesinden boşadyldy. Kamalyýewler 2022-nji ýyldan soň, jaýlaryň birini satypdyrlar ýa-da başga adamlara geçirilipdir, beýlekisi bolsa henizem olaryň eýeçiliginde.

Emläk eýeleri barada syzyp çykan maglumatlara görä, 2022-nji ýyla çenli gazagystanlylaryň Dubaýdaky emlägi azyndan 253 million dollara barabar diýip, barlagyň awtorlary ýazýarlar. Kanun daşary ýurtlarda emläk edinmegi gadagan etmeýär. Emma agzalan adamlaryň näçesiniň öz emlägini yglan edendigi we näçesiniň yglan etmändigi belli däl. Käbir ýagdaýlarda Dubaýdan emläk satyn almak üçin ulanylýan serişdeleriň gelip çykyşy nämälim galýar.

TOKAÝEWIŇ MASLAHATÇYSY, ALMATY ŞÄHERINIŇ AKIMI

2022-nji ýylyň Ýanwar wakalaryndan bäri Almatanyň akimi bolup işleýän Erbolat Dosaýew bahasy 750 müň dollardan gowrak bolan üç otagly jaýyň eýesi hökmünde görkezilýär. Emläk Jumeirah Beach Residence aýlagynda ýerleşip, onuň kenara we gämi duralgasyna çykmak mümkinçiligi bar.

Barlagda 2021-nji ýyldan prezidentiň ştatdan daşary geňeşçisi bolan Meýram Pşembaýew barada aýdylýar. Onuň gyzy Dolores ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, birnäçe kompaniýalaryň bilelikdäki eýesi bolup, «San» LLP döredijileriniň biridir. Bellenilişi ýaly, bir million dollara golaý bahasy bolan jaýy 2022-nji ýyldan soň, Pşembaýewa satypdyr ýa-da başganyň adyna geçiripdir.

Dubaýda bahasy 500 müň dollardan gowrak bolan jaý Goranmak ministriniň öňki orunbasary Bagdat Maýkeýewiňki eken. Maýkeýew 2014-nji ýylyň fewralynda, uly möçberde para almakda aýyplanyp, emlägi elinden alyndy we alty ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Maýkeýew eýýäm 2015-nji ýylda boşadyldy: kazyýet ony saglyk ýagdaýy sebäpli azatlyga çykardy.

Maýkeýew Dubaýyň saýlama ýerinden jaý satyn alan serişdeleriniň gelip çykyşy baradaky «Wlast» neşiriniň soraglaryna jogap bermedi. Öňki resmi hem 2022-nji ýyldan soň, jaýy satypdyr ýa-da başga ada geçiripdir.

Barlagyň awtorlarynyň bellemegine görä, daşary ýurt emläginiň aýan edilen sanawy "şeksiz" doly däl, sebäbi emlägiň bir böleginiň nominal eýeleriniň adyna hasaba alynmadygy belli. Galyberse-de, Dubaýdaky emläk eýeleri, şeýle hem Emirlikdäki, hususan-da Abu-Dabiniň meşhur bolan beýleki böleklerinde hem gazagystanlylaryň baýlygy baradaky ähli maglumatlar heniz elýeterli däl.

Degişli maglumat Millionlarça funt sterlinge barabar jaýlar. Britaniýa Nazarbaýewleriň kaşaň emlägi baradaky maglumatlary mälim edýär

AÝANLYGYŇ ÝOKDUGY NYGTALÝAR

2024-nji ýylyň başynda, Gazagystanyň maliýe ministriniň orunbasary Eržan Biržanow iki müňden gowrak döwlet işgäriniň dünýäniň 50-den gowrak ýurdunda, özlerine degişli iki ýarym müňe golaý emläk obýektini deklarasiýada yglan edendigini habar berdi. Biržanow Russiýany, Türkiýäni we Azerbaýjany gazak döwlet gullukçylarynyň emläginiň esasan jemlenen ýurtlary diýip atlandyrdy.

Geçen ýylyň ýanwar aýynda, Döwlet girdejiler komiteti Gazagystandan daşarda 466 sany emläk obýektine eýe bolan 370-den gowrak adam barada hasabat berdi. Birleşen Arap Emirliklerinde 36 obýekt ýerleşýär.

Barlagçylar aýdyňlygyň ýokdugyny nygtaýarlar: döwlet işgärleriniň we deputatlaryň deklarasiýalary henizem köpçülige aýan edilmeýär.

«Dubaý, görnüşinden, iň baý gazagystanlylaryň pullaryny ýygşyrmak üçin, amatly ýer bolsa gerek hem-de ol öz baýlygyny gizlemäge howpsuz görünýär» diýen pikiri žurnalist Joanna Lillis "Wlast" bilen söhbetdeşlikde beýan etdi. Ol Gazagystan hakyndaky "Gara kölegeler" (Dark Shadows) kitabyň awtorydyr.

2022-nji ýylda FATF, pul ýuwmak we terrory maliýeleşdirmek boýunça global kadalaşdyryjy hukuklary işläp taýýarlaýan hökümetara guramasy Dubaýy pul ýuwmaga garşy gowşak çäreleri ulanýan döwletleriň sanawyna girizdi. Birleşen Arap Emirlikleriniň häkimiýetleri soňra Emiratda emlägi satyn almak arkaly pul ýuwmaga garşy göreşmek maksady bilen çäreleriň kabul edilýändigini yglan etdiler. Fewral aýynda FATF Dubaýa garşy çäreleri ýeňilleşdirjekdigini mälim edip, pul ýuwmaga garşy göreşde, "düýpli ösüşiň" bardygyny belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.