Gazak alymy 10 ýyllap hazar düwlenlerini goramak ugrunda göreşýär

20-nji asyryň başynda sany 1 milliondan gowrak bolan hazar düwlenleriniň sanynyň azalyp, indi 70 000 bilen 300 000 aralygynda bolmagy çak edilýär.

BMG-nyň her ýyl geçirýän klimat konferensiýasy (COP29) şu gezek Bakuwda geçirilýärkä, Azatlyk Radiosy köplenç ünsden düşürilýän sebitlerde känbir gozgalmaýan daşky gurşaw problemasyna ünsi çekýär.

Asel Baýmukanowa on ýyl bäri Hazaryň düwlenlerini we olaryň san taýdan azalmagynyň sebäplerini öwrenmäge synanyşýar - ýakyn duşuşykdan başlanan bu gözleg alymyň ukusyz gijelerine sebäp boldy.

"Men ýakynladym we düwleniň zordan dem alýandygyny, onuň balyk toruna bulaşyp, ýüpüň onuň boýnunyň derisine çümendigini gördüm" -diýip Asel gürrüň berdi.

Baýmukanowa düwlenleri synlaýan halkara gözlegçilerine goşuldy. Şondan soň ol onlarça ekspedisiýada bolup, köplenç agyr şertlerde, hereketsiz oturyp, işlemeli boldy.

"Kenarda ýuwaşlyk bilen ýatsaňyz, [düwlenler] size ýakynlaşmaga ýol bererler. Bir metr aralygynda. Bir gezek men şol ýerde ýatanymda, birnäçe düwlen gelip, meniň gapdalymda ýatmaga synanyşdy. Men begendim, belki-de olar meni özleriniň biri hasap edendir. Käte bolsa olar hem öz “barlagyny” geçirýärler. Bilesigelijilik diňe size mahsus däl, olar hem sizi synlaýarlar"- diýip alym aýdýar.

Asel Baýmukanowa

"Aragatnaşyk, baglanyşyk guraýarsyňyz. Bu islendik biolog üçin täsin bir duýgyny, ýagny haýran galdyryjy bir zada duş gelen ýaly duýgyny döredýär" diýip, Asel aýdýar.

Hazar düwlenleri Hazar deňzindäki ýeke-täk deňiz süýtemdirijisidir we olar başga ýerde ýaşamaýar.

20-nji asyryň başynda sany 1 milliondan gowrak bolan hazar düwlenleriniň sanynyň azalyp, indi olaryň 70 000 bilen 300 000 aralygynda bolmagy çak edilýär. Sanlar takyk däl, sebäbi anyk öwrenilmedi.

Baýmukanowa, Hazar düwlenleriniň üýtgeýän daşky gurşawa uýgunlaşmak ukybyny öwrenýän kommersiýa däl Gidrobiologiýa we Ekologiýa Institutynda işleýär.

Faktorlaryň birnäçesi - adamyň işjeňligi, deňziň hapalanmagy, howanyň üýtgemegi we Hazar deňziniň kiçelmegi - bularyň hemmesi rol oýnaýar. Deňziň kiçelmegi adalaryň ýitmegine, üýtgemegine ýa-da birleşmegine sebäp bolýar we düwlenleri ýaşamak üçin täze ýer tapmaga mejbur edýär.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Unique Caspian Seals See Huge Drop In Numbers (Video)

2009-11-nji ýyllarda Demirgazyk Hazarda Durnewa adalary bardy. Şol bir wagtyň özünde 25 000-e çenli düwlen bu ýerde ornaşyp bilýärdi. 2016-njy ýylda olaryň 200 çemesi galypdy. 2019-njy ýyla çenli bary-ýogy 69. Deňiz derejesiniň peselmegi bilen adalar kiçeldi we düwlenler başga ýerleri gözläp başlady "- diýip alym aýdýar.

"Mundan başga-da, Hazar şemal ugurlarynyň üýtgemegine degişli suw derejesiniň üýtgäp durýan pursatlaryny başdan geçirýär. Ýaşamak üçin ýerleriň ýitmegine getirýän bu ýagdaý hemişe-de bolýardy. Belki düwlenleriň üýtgemelere uýgunlaşmak ukyby bardyr we olar ýaşamagyny dowam etdirer".

Deňziň hapalanmagy başga bir çynlakaý howp. Adamlaryň we düwlenleriň iýýän balyklarynda makro- we mikroplastik bar.

"Bäş görnüşde olaryň garnyndan bu plastmassalary tapdyk. Zäherli bölekler bedende ýygnanýar, immuniteti gowşadýar we kesellere sebäp bolup bilýär" - diýip, alym aýdýar.

Alymlar Hazaryň kenarynda zibil we taşlanan balyk torlaryny ýygnaýarlar. 2023-nji ýyl.

Demirgazyk-gündogar Hazarda, ýazda we güýzde düwlenleriň ýygnanýan ýerinde adamyň täsiri birneme pesdir. Şeýle-de bolsa, deňiz suwy yza gaýdyp barýarka, olaryň bolýan ýerleri demirgazyk tarapa, ilatly ýerlere has ýakynlaşyp biler.

Ekologlar her ýazda Tupkaragan ýarym adasyndaky düwlenleriň ölümine syn edýärler. Ol ýerde turýan ýel gyşda dürli sebäplere görä ölen haýwanlaryň läşini kenara tarap ýuwýar.

Baýmukanowa, ýylsaýyn mehaniki şikesli düwlenleri tapýandyklaryny aýdýar.

"Biz muny diňe çaklap bilýäris, ýöne gyşda düwlenler buz döwüji gämileriň hereketlendiriji gurallarynyň aşagyna düşýän bolmagy mümkin" - diýip alym gürrüň berdi.

Golaýda Hazaryň Gazagystandaky kenarynda düwlenleriň köpçülikleýin ölümi hasaba alyndy. Oktýabr aýynyň ahyrynda Mangystau welaýatynyň kenarynda 289 sany düwlen tapyldy. Olaryň ölüminiň sebäbi entek belli däl.

Düwlenler Hazar deňzindäki ýeke-täk deňiz süýtemdiriji haýwanlardyr we olar başga ýerde ýaşamaýar.

Soňra, 11-nji noýabrda ýene ýüzlerçe öli düwlen tapyldy, resmi habarlara görä, sebitdäki ölen düwlenleriň umumy sany 1000-den gowrak.

Şuňa meňzeş ýagdaý 2017-nji ýylda ýüze çykyp, Gazagystanda 247 sany öli düwlen tapylanda bu betbagtçylyk Baýmukanowany işini taşlamagy çynlakaý pikirlenmäge mejbur edipdi.

"Oňa seretmek kyndy. Olary hemişe diri, özüne çekiji we ýakymly görýärsiňiz. Ýöne soň olaryň ýüzlerçesi deňizden kenara ýuwulyp, ýatýar. Çüýrän läşiň ysy elhenç" diýip, Asel aýdýar.

Onuň kakasy, guramanyň häzirki başlygy oňa goldaw berdi.

"Ol 'bu meselä hakykatdanam höwesli bolsaň, diňe diri haýwanlara däl, ölülere-de öwrenişmeli. Sebäbine düşünmeli' diýdi" diýip, Baýmukanowa gürrüň berdi.

Deňziň ýalpaklaşmagy adalaryň ýitmegine, üýtgemegine ýa-da birleşmegine sebäp bolýar we düwlenleri täze ýaşaýyş ýerlerini tapmaga mejbur edýär.

Gazagystanyň hökümeti haýwanlary goramak, syrkawlaryny bejermek we gözleg geçirmek üçin Mangystau we Atyrau welaýatlarynda 109 500 gektar goraghanany döretmegi meýilleşdirýär.

Baýmukanowa we onuň topary bu sebiti giňeltmegiň tarapdary bolup, iki ýyl ozal düwlenleri goramak boýunça jikme-jik meýilnama düzüpdi, ýöne ol häkimiýetler tarapyndan kabul edilmedi.

Habar ýaýratmak hem işiň esasy bölegidir. Baýmukanowa özüniň Instagram sahypasynda ekspedisiýalary we düwlenleri barada hekaýalary paýlaşýar.

"Hersiniň özüne mahsus aýratynlygy bar. Biri ondan nusga alynmagy asla halamady. Biz ony çykaranymyzda, ol gözlegçiler toparynyň merkezinde durup, möňňürip, bize ' käýinip' başlady. Biziň her birimiz bilen ýüzbe-ýüz boldy. Soňra deňize gitmekden ýüz öwrüp, enjamlarymyza tarap süýşdi, men ony deňze gaýdyp gelmäge yrjak bolup, ötünç sorap başladym" - diýip, alym gülüp ýatlaýar.

Baýmukanowa düwlenleriň özlerini alyp barşyny duýdurman ýazgy etmek üçin olaryň ýanynda köplenç birnäçe sagadyny hereketsiz geçirmeli bolýar.

Asel optimizmini ýitirmezlige çalyşýar we ekspedisiýalaryň kynçylyklarynda-da oňyn zatlary tapýar.

"Sowuk bolsa, burç bilen çorba edinýärin. Süýji we kofe getirýäris. Meniň süýjä höwesim ýok, ýöne şeýle şertlerde ony kabul etmeli bolýar. Deňziň kenarynda oturmak, kofe içmek, köke iýmek - bu diýseň gowy" - diýip Asel aýdýar.

Baýmukanowa, Gazagystanyň kenarlarynyň bu haýwanlar üçin möhümdigini, olaryň 98 göteriminiň bu ýerde ýaz we güýz aýlarynda bolýandygyny aýtdy.

Onuň pikiriçe, bu ýakynlyk olaryň diri diri galmagynda Gazagystana aýratyn bir jogapkärçilik berýär.

Degişli maglumat Hazaryň türkmen kenarynda düwlenler, guşlar we balyklar näbelli sebäpden gyrylýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.