14-nji maýda Almatyda gazak aktiwisti Žanbolat Şaýzadanyň şäherdäki bir şahsy ulaga berkidilen sowetleriň baýdagyny aýyrandygy sebäpli höküm edilen bäş gün tussaglyk möhleti tamamlandy.
Şaýzada türmäniň binasyndan çykýan pursady, onuň onlarça goldawçysy Gazagystanyň milli baýdagyny göterip, şeýle-de watançylyk aýdymlaryny aýdyp, ony garşyladylar.
Şaýzada 9-njy maýda tussag edildi we huligançylykda aýyplandy. Ol bir şahsy ulaga berkidilen sowetleriň baýdagyny aýyryp, “Bu Gazagystan, muny aýyryň” diýip, gygyrypdy.
Şaýzadanyň Kamşy onlaýn neşirine aýtmagyna görä, ol sowetleriň baýdagyny, Russiýanyň Ukraina garşy dowam etdirýän esassyz urşunyň arasynda, öjükdiriji bir nyşan hökmünde kabul edipdir.