Geçen aý Kiýewdäki öýüniň golaýynda tüpeňlenen gazak syýasy aktiwisti hassahanada jan berdi.
Iki hepde ozal atylaly bäri hassahananyň agyr hassalar bölüminde bejergi alan Aýdos Sadykow ok ýarasyndan dörän çylşyrymly saglyk ýagdaýlary netijesinde ýogaldy diýip, Natalýa Sadykowa Facebookda ýerleşdiren ýazgysynda aýtdy.
Sosial ulgamlardaky işleri bilen nägile gazaklara giňden belli bolan Sadykow, gazak häkimiýetleri garaşsyz “Respublika” gazetiniň žurnalisti Natalýa Sadykowa garşy töhmet derňewine başlanyndan soň, 2014-nji ýylda maşgalasy bilen bilelikde Kiýew şäherine göçdi.
Ol 18-nji iýunda ýaşaýyş jaýynyň daşynda öz awtoulagynda outran wagtynda atyldy. Şol wagt onuň ýanynda, awtoulagda oturan aýlyna, Natalýa şikes ýetmedi.
"Aýdos 13 günläp reanimasiýa bölüminde öz jany üçin göreşdi, ýöne gudrat bolmady" diýip, ol ýazdy.
"Onuň ölümi Tokaýewiň wyždanyna" diýip, ol Gazagystanyň häzirki prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi nazarda tutup aýtdy.
Degişli maglumat Kiýewde gazak aktiwistini atmakda güman edilýän iki gazak gözlenýär