Gazagystanyň futbol tälimçisine dil baradaky degişmesi üçin jerime salyndy

Gazagystanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň tälimçisi Stanislaw Çerkesow

Gazagystanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň tälimçisi, Russiýanyň raýaty Stanislaw Çerkesowa, onuň gazak dili barada eden teswiri üçin, jerime salyndy.

16-njy oktýabrda Gazagystanyň futbol boýunça federasiýasynyň başlygy Adliet Barmenkulow geçen dynç günleriniň dowamynda ýüze çykan hadysa bilen ilteşikli düzgün-nyzam temmisini yglan edilendigini aýtdy.

Şol wakada, Çerkesow žurnalistiň gazak dilinde beren soragyna, degişme äheňinde, gazakçany fransuz diline meňzetdi. Bu jemgyýetde nägilelikleriň döremegine sebäp boldy.

Çerkesowa 738 müň 400 teňňe ($1500) möçberinde pul jerimesi salyndy, şeýle-de döwlet dilini sylamagyň möhümligi barada konsultasiýalar geçirildi.

Çerkesowyň degişmesiniň sorag beren habarçynyň üstündäki fransuz futbol toparyna degişli futbolkasy bilen bagly bolandygy aýdylyp, tälimçiniň arkasyny tutmak synanyşyklaryna garamazdan, tankytçylar bu belligiň ýerliksiz bolandygyny nygtadylar.

Çerkesowyň ozalky bellikleri hem Gazagystanda ýerli dil bilen bagly dartgynly ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolupdy. Merkezi Aziýanyň bu ýurdunda, esasan hem Russiýanyň Ukraina çozmagy bilen bagly dörän geo-syýasy dartgynlylyklaryň arasynda, dil ynjyk meseleleriň biri bolmagynda galýar.