Gazagystanlylaryň aglabasy berk gözegçilikde geçirilen referendumda ýadro elektrik desgasyny goldady

6-njy oktýabrda Astanada bir ýaşaýjy referendumda ses berýär.

Gazagystanlylaryň 71%-den gowragy Merkezi Aziýanyň bu ýurdunda ilkinji ýadro elektrik desgasynyň gurulmagyny goldap ses berdiler diýip, ýurduň Merkezi Saýlaw Komissiýasy 7-nji oktýabrda mälim etdi.

Mundan bir gün öň, Gazagystanda bu mesele boýunça, döwletiň berk gözegçiliginde referendum geçirildi.

Komissiýa referenduma gatnaşygyň zerur 50%-den aşyp, 63.66% bolandygyny, ýagny 7 million 820 müň 204 gazak raýatynyň ses berendigini mälim etdi.

Proýektiň goldawçylary ýadro elektrik desgasynyň ýurduň kömre bolan garaşlylygyny azaltjakdygyny aýtsalar, munuň tankytçylary taslamanyň aşa gymmatdygyny, şeýle-de daşky-gurşaw üçin weýrançylykly netijeleri döretjekdigini belleýärler.

Synçylar energiýa serişdelerine baý, ýöne awtoritar dolandyryşly ozalky sowet respublikasynda geçen referendumyň dowamynda bidüzgünçilikleri hasaba aldylar.