Gazagystanda ýadro elektrik desgasy baradaky referendumyň öň ýanynda aktiwistler saklandy

Aktiwistler 29-njy sentýabrda saklanandan soň, olaryň goldawçylary Almatynyň polisiýa edarasynyň daşynda jemlendiler.

Gazagystanda ýadro elektrik desgasynyň gurluşygyna garşy çykýan bäş aktiwist, azyndan iki aý möhlet bilen, deslapky tussaghana ýerleşdirildi. Bu barada 2-nji oktýabrda olaryň aklawçylary mälim etdiler.

Aktiwistler köpçülikleýin bidüzgünçilikleri planlaşdyrmakda aýyplanyp, 29-njy sentýabrda saklanypdylar. Bu ýadro desgasy barada tutuş ýurt boýunça geçirilmeli referendumdan bir hepde öň bolup geçdi.

Gazak hökümeti bu desga bilen ilteşikli köpçülikleýin nägileliklere garamazdan, onuň gurluşygyny ilerledýär.

Tankytçylar 6-njy oktýabrda geçmeli referendumyň öň ýanynda tankydy sesleriň sem edilýändigini aýdýarlar.

Gazagystanda syýasy meýdanyň berk kontrol astynda saklanýandygy sebäpli, köp ekspertler referendumyň oňaýly netije bilen geçjekdigini çaklaýarlar.

Gazagystanda ýadro desgalary baradaky mesele jedelli bolmagynda galýar. Sowetleriň 1949-1991-nji ýyllar aralygynda geçiren ýadro synaglary ýurduň daşky gurşawyna juda ýaramaz täsir ýetirdi.