Gazagystanda türmedäki gynamalar boýunça ýokary derejeli kazyýet işi başlandy

Gazak aktiwisti Timur Danebaýew (arhiw suraty)

22-nji iýulda Gazagystanda urşa garşy çykýan belli aktiwist Timur Danebaýewi we başga-da 40 tussagy gynamakda aýyplanýan onlarça ozalky türme sakçylarynyň kazyýet işi başlandy.

2023-nji ýylyň sentýabrynda Internetde ýerleşdirilen wideoda sakçylaryň 39 ýaşly aktiwisti we beýleki bendileri gazaplylyk bilen urýan pursatlaryny synlasa boldy.

Danebaýew 2022-nji ýylyň dekabrynda tussag edilipdi. Ol Internetde ýerleşdiren postlarynda Russiýanyň Ukraina hüjümini ýazgardy, şeýle-de gazak prezidenti Kasym Žomart-Tokaýewi şol ýylyň ýanwaryndaky hökümete garşy protestleri dargatmak üçin, Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň esgerlerini çagyrmakda tankytlady.

2023-nji ýylyň iýunynda ol etniki çydamsyzlygy öjükdirmekde günäli tapylyp, 3.5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.