Gazagystanda senagat zawodynda bolan hadysada ölenleriň sany dörde ýetdi

Illýustrasiýa suraty

Gazagystanyň merkezindäki Karagandy regionynda ferrosplaw zawodynda dörän heläkçilikde ýaralanan iki işçi öldi diýip, 25-nji iýulda ýerli resmiler habar berdi. Munuň bilen geçen dynç günleri dörän heläkçilikde ýogalanlaryň sany dörde ýetdi.

Beýleki iki işçi şu hepdäniň başynda keselhanada jan berdi.

Häzir hadysada şikeslenen ýene-de dört işçi hassahanada saklanylýar. Olaryň ikisi ýakynda intensiw bejeriş bölüminden çykaryldy.

20-nji iýulda zawodyň peçleriniň birinden çykan ot alawy sebäpli, birnäçe işçi ýaralanypdy.