Gazagystanda gyzamyk keseli ýaýraýar, hassahanalarda ýer ýetenok

Şimkent şäherindäki hassahana

2023-nji ýylyň fewral aýyndan bäri lukmanlar 10 müň hadysany hasaba aldylar, ýöne gyzamyk çykarýan näsaglar güýzüň başyndan bäri has-da köpeldi diýip, Gazagystanyň Saglyk ministrligi habar berýär.

Käbir sebitlerde ýokanç keselli näsaglaryň bejergi alýan hassahanalary eýýäm doly, yzy kesilmeýän näsaglary kabul etmek üçin goşmaça merkezleri döretmeli boldy diýip, Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy ýazýar.

Saglyk ministrliginiň maglumatyna görä, gyzamyk çykaranlaryň iň köp mukdary Almatyda, Şimkentde we Atyrauda hasaba alyndy.

Oktýabr aýynda Şimkentde bu keseliň 12 ojagy ýüze çykaryldy. Lukmanlar her gün özlerine gyzamyk çykaran adamlaryň 70-80 sanysynyň ýüz tutýandygyny aýdýarlar. Ýöne diňe ýagdaýy agyr hasaplanan hassalar keselhana ýerleşdirilýär: häzir şäheriň 210 orunlyk ýokanç keselliler hassahanasynda 196 adam bejergi alýar.

Gyzamyk çykaranlaryň 80 göterimi 14 ýaşa çenli çagalar. Olaryň köpüsine gyzamyk sanjymy edilmändir.

Gazagystanyň günbataryndaky Aktobe şäherinde hem kyn ýagdaý emel gelýär. Ol ýerdäki epidemiologiki ýagdaý oktýabr aýynyň ortalarynda erbetleşdi, ýöne, ýerli epidemiologlaryň pikiriçe, Aktobedäki gyzamyk keselçiligi fewral aýynda başlandy.

Lukmanlaryň çaklamasyna görä, bu kesel ene-atasy bilen Türkiýä giden alty ýaşly gyz bilen getirilipdir. Aktobe sebitinde bu keseliň dokuz aýyň dowamynda müň adama ýokuşandygy anyklandy.