Gazagystanda aýalyny öldürmekde aýyplanýan ozalky ministriň sud diňlenişigi başlandy

Bişimbaýewiň günäsi subut edilse, oňa 20 ýyla çenli türme tussaglygy berlip bilner.

Gazagystanda öz aýalyny öldürmekde aýyplanýan ozalky ykdysadyýet ministri Kuandyk Bişimbaýew, bu iş bilen bagly 27-nji martda başlanan eminler kazyýet diňlenişiginiň çäginde özüniň günäsizdigini aýtdy.

Prokurorlar Bişimbaýewi geçen noýabrda öz garyndaşlarynyň eýeçiligindäki bir restoranyň içinde, aýaly Saltanat Nukenowany ençeme sagatlap zalymlarça ýençmekde aýypladylar. 31 ýaşly Nukenowa urgular sebäpli soňundan jan berdi.

Bişimbaýewiň dogan-oglany Bakytžan Baýžanow hem, bu ýokary derejeli işde jenaýat şärigi hökmünde geçýär. Ol bolan jenaýat barada wagtynda habar bermezlikde aýyplanýar.

Sudýa Aýžan Kulbaýewa žurnalistleri kazyýet eminlerini surata ýa wideo düşürmezlik barada duýdurdy.

Bişimbaýewiň günäsi subut edilse, oňa 20 ýyla çenli türme tussaglygy berlip bilner.

Bu iş, Gazagystanda maşgaladaky zorluklar baradaky nägilelikleriň has artýan döwründe, jemgyýetçiligiň uly ünsüni çekdi. Gazagystanda her alty zenanyň biri, erkek ýoldaşlary tarapyndan fiziki sütemlere duçar edilýär.