Gazagystan, Türkmenistan, Russiýa bitewi ulag operatoryny döreder - metbugat

Bezeg suraty

Gazagystan Demirgazyk–Günorta halkara ulag geçelgesiniň çäklerinde Russiýa we Türkmenistan bilen bitewi operatory döretmegi meýillendirýär diýip, “Biznes Türkmenistan” gazak parlamentiniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.

50 göterime çenli arzanladyş we beýleki çäreler ýol geçelgesiniň gündelik geçiriş ukybyny 23-den 33-e çenli, ýük daşalmagynyň möçberini bolsa ýylda 20 million tonna çenli artdyrmaga mümkinçilik berer diýip, 24-nji dekabrda berlen habarda bellenýär.

Aýdylmagyna görä, 2027-nji ýylda Gazagystanda Beýneu bilen Sekseulyň arasyndaky 736 kilometr uzynlykdaky ýoluň gurluşygyna badalga berler. Bu ýol Aktau we Kuryk portlaryna we Türkmenistana çenli aralygy 900 kilometr gysgaldar.

Demirgazyk–Günorta Russiýany Gazagystan we Türkmenistan arkaly Pars aýlagy bilen birleşdirýän halkara ulag geçelgesi bolup, demirýol, awtomobil we deňiz ýollaryny özünde jemlemek bilen, Ýewropa, Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň arasynda üstaşyr ýükleriniň netijeli geçirilmegini üpjün etmeli.