Garaşylýan sapar ýoly ýapdy, prezidentiň Daşoguzda dikuçar ulanmagyna garaşylmaýar

Türkmenistanyň prezidentleriniň iş saparlarynda dikuçar ulanmaklary 'adat' boldy.

Daşoguzdan gelýän maglumatlar prezident Serdar Berdimuhamedowyň garaşylýan saparynyň sebit merkezine gatnap işleýän adamlaryň ýeňil bolmadyk ýagdaýyny has-da kynlaşdyrandygyny, Görogludaky dabaranyň uludan tutuljakdygyny, ýöne bu saparda sebite dikuçardan syn etmek 'däbiniň' bozuljakdygyny yşarat edýär.

Görogly şäherçesinden Daşoguz şäheriniň merkezine barýan gara ýol maý aýynyň 15-inden bäri ýapyk, ozalky Tagta etrabynyň adamlary sebit paýtagtyna uzak ýerlerden aýlanyp, birnäçe kilometr goşmaça ýol geçip, howa menziliniň golaýyndan girmeli bolýar diýip, Azatlygyň habarçysy şu gün, 30-njy maýda habar berdi.

Azatlygyň habarçylary prezidentiň sebitlere edýän saparlarynyň ýerli ilatyň gündelik durmuşynda döredýän emeli kynçylyklary barada birinji gezek habar bermeýärler. Daşoguzdan gelen habar Görogly etrabyndan welaýat merkezine gatnap işleýän raýatlaryň, has uzalan ýolda ýitirýän wagtlaryndan, saglyklaryndan başga, günde artykmaç maddy zyýan hem çekmeli bolýandygyny görkezýär.

Degişli maglumat Çukanakly magistral adam pidalaryna getiren ýol hadysasyna sebäp boldy

Görogly şäherçesinden sebit paýtagtynyň merkezine barýan göni ýoluň ýapylmagy ýol kireýleriniň bahasynyň bir adam üçin 10 manatdan 25 manada çykmagyna, gijelerine 35 manada çenli baryp ýetmegine getirdi. Bu ýagdaýyň näçe wagt dowam etjekdigi belli däl, häkimiýetler ýoluň haçan açyljakdygy barada hiç bir maglumat bermeýärler.

Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen adamlaryň sözlerine görä, gatnawly ýoluň ýapylmagynyň birinji sebäbi prezidentiň ýakynda sebit merkezine etjek sapary bilen bagly.

“Bu sapar birnäçe gezek yza süýşürildi, indi prezidentiň iýun aýynyň başynda, belki-de 10-njy iýunda gelmegine garaşylýar. Ol Görogly etrabynyň çäginden geçýän Halkalaýyn elektrik geçirijiniň dabaraly açylyşyna gatnaşmaly. Şu sebäpli, bu ýere barýan gara ýoly ýapyp, onda düýpli abatlaýyş işlerini geçirýärler. Hatda bu ýol üçin Aşgabatdaky ýol gurluşyk trestiniň işçiler topary hem kömege geldi” diýip, ýagdaýdan habarly hünärmen Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Aýry-aýrylykda gürleşilen hünärmenleriň tassyklamagyna görä, prezidentiň saparynyň birnäçe gezek yza süýşürilmegi elektrik geçiriji desganyň gurluşygynyň gijikmegi bilen bagly.

“Görogly, Akdepe, Ruhubelent etraplarynyň çäklerinden geçýän halkalaýyn elektrik geçirijiniň gurluşygynyň barýan ýerlerinde dikilen elektrik sütünleriniň onlarça kilometre uzaýan geçiriji simleriniň ýerli ýaşaýjylar tarapyndan ogurlanmagy ir baharda açylmaly elektrik geçirijiniň dabarasynyň şu güne çenli yza süýşürilmegine getirdi” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran hünärmen aýtdy.

Görogly etrabynyň polisiýa bölümindäki çeşmäniň tassklamagyna görä, gurulýan elektrik geçirijiniň simlerini ogurlamakda aýyplanan 35 raýata kazyýet 15-nji maýda 5 ýyldan 8 ýyla çenli aralykda iş kesdi. Aýdylmagyna görä, olar Görogly, Andalyp we Ruhubelent etraplarynyň ýaşaýjylary bolup, ýetirilen zyýany döwlete gaýtaryp bermeli edildi.

Türkmen metbugatyndan görnüşine görä, ýurtda açylýan desgalaryň dabaralary hemişe örän uludan tutulýar we olar esasy ýolbaşçyny öwmek, ýurtda gazanylandygy aýdylýan üstünlikleri ulaldyp görkezmek, ýerli ilatyň onlarça ýyl bäri çuňlaşýan durmuş kynçylyklaryny ýaşyrmak üçin ulanylýar.

Bu ‘däbiň’ Görogly etrabynda açyljak desganyň dabarasynda hem gaýtalanmagyna garaşylýar.

Degişli maglumat Lebap - Daşoguz arasyndaky 'ýolsuz ýollar' ýolagçylaryň janyny töwekgelçilige salýar

Açylmagyna garaşylýan iri desganyň golaýynda gurulýan uly, göçme mejlisler zalynyň gurluşygy tamamlandy, býujet we medeniýet işgärleri häzir bu ýerde arassaçylyk, taýýarlyk işlerini geçirýärler diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Ýöne, etrap polisiýasyndaky çeşmäniň Aşgabatdan ‘häzirlikçe gelen soňky maglumata’ salgylanyp aýtmagyna görä, prezidentiň welaýata etjek sapary wagtynda, däp bolşy ýaly, sebite ýokardan syn etmek üçin dikuçarda uçmagyna garaşylmaýar.

“Ol welaýat içinde diňe awtoulagda syýahat eder, bu megerem Eýranda bolan dikuçar heläkçiliginden soň güýçlenen howpsuzlyk aladalary bilen bagly” diýip, etrap polisiýasyndaky çeşme Azatlyga aýtdy.

Sosial mediada gürelýän ‘türkmen wideolary’ Türkmenistanyň etraplarynda iň köp gatnalýan ýollaryň, şol sanda Aşgabatdan ýurduň demirgazyk sebitine uzaýan uly ýoluň, beýleki ýollaryň ýolagçylar we ulaglar üçin nähili kynçylyk, howp-hatar döredýändigini görkezse-de, Aşgabatdaky hökümet diňe prezidentiň barýan ýerlerindäki wagtlaýyn ‘abatlaýyş’ praktikasyny dogry hasaplaýana meňzeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.