Metbugat azatlygy topary, "Serhetsiz habarçylar" (RSF) Özbegistanyň demirgazyk-günbataryndaky türki dilli awtonom sebitde iki ýyl ozal bolan ýerli protestlerden bäri dowam edýän güýçli basyşlar astynda "žurnalistikanyň haýallyk bilen ölýändigini" duýdurdy.
Metbugat azatlygy guramasynyň 1-nji iýulda beren duýduryşynda Garagalpagystanda bolup geçen protestleriň “şeýle bir tabu, agzalmasy gadagan tema bolup galýandygy, şu günki günde ol faktlary agzan žurnalistleriň tussag edilýändigi, türmä basylýandygy, galp aýyplamalar esasynda seperatizmde günäkärlenýändigi” aýdylýar.
Beýanatda tussag etmeler we türmä basylmalar, şol sanda “The Economist” gazetiniň britan habarçysynyň tutulmagy ýazgaryldy we bu hili “senzuranyň… sebiti maglumat çöllügine öwürjekdigi” aýdyldy.
Degişli maglumat Garagalpagystanda köpçülikleýin närazylyklardan soň, sebitiň başlygy çalşyldy: oňa IIM-niň öňki başlygy bellendi