Gara bazarda dollar gymmatlap başlady

Illýustrasiýa suraty.

Lebap welaýatynyň sebit merkezinde dollaryň resmi däl satyn alyş bahasy 30 teňňe ýokarlanyp, 19 manat 30 teňňeden 19 manat 60 teňňä galdy. Bazarlarda we söwda nokatlarynda esasy azyk harytlarynyň görnüşleri azalýar, gündelik harytlar we egin-eşikler gymmatlaýar. Bu aralykda, ykdysady kynçylyklar durmuş ulgamyna täsir edýär, sosial goraga mätäç raýatlar özlerine hökümet tarapyndan üpjün edilmeli dermanlaryň berilmeýändigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenabatdaky çeşmeleri şu günler walýutanyň gara bazarynda bir dollaryň satyn alyş bahasynyň 19 manat 60 teňňe, satyş bahasynyň 19 manat 90 teňňe bolandygyny habar berdiler.

“Bir ýyldan bäri dollaryň gara bazar nyrhy durnukly saklanyp geldi. Adamlar bu nyrha öwrenişip ýetişdiler. Gara bazarda dollaryň nyrhynyň durnukly saklanýandygyna garamazdan, bazarlarda harytlaryň nyrhy durnuksyz saklanýardy” diýip, egin-eşik söwdasy bilen meşgullanýan türkmenabatly telekeçi aýdýar.

“Dollaryň nyrhynyň ýokarlanmagy bilen azyk harytlarynyň we egin-eşikleriň bahasynyň ep-esli ýokarlanmagy ýagdaýy has-da durnuksyzlaşdyrdy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Erkin walýuta söwdasy çäklendirilýän Türkmenistanda dollaryň resmi alyş-çalyş bahasy 2015-nji ýyldan bäri 3,5 manat bolmagynda galýar.

Degişli maglumat Iri walýuta söwdagärleri ýurduň haýyr-sahawat gaznasyna uly möçberlerde pul geçirmäge mejbur edilýär

Türkmen manadynyň gara bazarda ABŞ dollarynyň garşysynda takmynan 1,55 göterim möçberinde hümmetsizlenmeginiň arasynda söwda nokatlarynda harytlaryň bahalary ençeme esse ýokarlandy.

Ýöne ýerli telekeçiler bahalaryň ençeme esse ýokarlanmagyna diňe bir manadyň 30 teňňe möçberinde hümmetsizlenmeginiň däl, eýsem, ýurtda dowam edýän ýangyç gytçylygynyň hem goşant goşýandygyny aýdýarlar. Şol bir wagtda, sebit ýaşaýjylarynyň arasynda dollaryň alyş-çalyş bahasynyň has-da ýokarlanmagy, manadyň has-da hümmetsizlenmegi bilen bagly aladalar saklanyp galýar.

Mälim bolşy ýaly, ýurduň dürli künjeklerinde, şol sanda gündogar Lebap welaýatynda birnäçe aý bäri benzin gytçylygy dowam edýär.

“Özbegistandan we Hytaýdan getirilýän arzan erkek krasowkalarynyň, sport köwüşleriniň bahasy öňler 100 manatdy, häzir şolar 200 manada galdy” diýip, bir ýerli söwdagär aýdýar.

“Çagalaryň eşikleri we aýakgaplary hem 100 göterim çemesi ýokarlandy. Dollaryň bahasynyň mundan-da beýläk ýokarlanjakdygy barada aladalar bar. Şol sebäpden, häzirki bahalar hem durnukly däl” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Şol bir wagtda, azyk we senagat harytlarynyň bahalary gymmatlaýar, käbir iýmit önümleriniň görnüşleri azalýar.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri şäheriň käbir söwda nokatlarynda Türkmenistanda öndürilen ýerli un we makaron ýaly önümleriň tekjelerinden ýitirim bolandygyny aýdýarlar. Şeýle-de, käbir senagat harytlary, şol sanda diş pastalar we kir ýuwujy serişdeler gymmatlaýar.

“Mekan bazarynyň 1-nji gatynda esasan azyk önümleri satylýar. Şol ýerde daşary ýurtlardan getirilýän un önümleri bar welin, özümizde öndürilýän un, makaron we şuňa meňzeş önümler ýok. Bir kilogram şekeriň bahasy 20 manada ýetdi” diýip, bir ýerli söwdagär aýdýar.

Ýatlasak, bir kilogram şekeriň bahasy geçen hepdelerde 16 manatdan 19 manada galypdy. Şeýlelikde, şekeriň bahasy gündogar sebitde gysga wagtyň içinde 25 göterim ýokarlandy.

Ýöne bahalaryň gymmatlamagy esasan daşary ýurtlardan getirilýän senagat önümlerinde has ýiti duýulýar. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri käbir kir ýuwujy serişdeleriň bahalarynyň gysga wagtyň içinde tas 40 göterim çemesi gymmatlandygyny aýdýarlar.

“Öňler 135 manatdan satyn alýan kir ýuwujy serişdämiň bahasy 187 manada ýokarlanypdyr. Bolýan zatlaryň sebäplerini hiç kim düşündirip bilenok. 10 manatdan satyn alýan diş pastamyň bahasy 13 manada ýokarlandy” diýip, Türkmenabat şäheriniň Üçünji etrapçasynyň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Döwlet media serişdeleri, şol sanda elektron neşirler söwda pudagynda dowam edýän negatiw tendensiýalar barada habar bermeýär. Söwda resmileri soňky ýagdaýlar boýunça düşündiriş, beýanat bermeýär.

Degişli maglumat Walýuta söwdagärlerine garşy reýdler geçirilýär. Gara bazarda dollaryň bahasy näçe?

Azatlyk Radiosynyň habarçylary yzygiderli görnüşde ýurt raýatlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan durmuş-ykdysady kynçylyklary barada habar berip gelýär. Ýöne hususan-da soňky aýlarda azyk üpjünçiliginiň ýagdaýy, walýuta meseleleri, ýangyç gytçylygy we ýokarlanýan bahalar bilen bagly habarlar has-da ýygjamlaşyp başlady.

Bu aralykda, barha ýitileşýän durmuş-ykdysady kynçylyklar üpjünçiligi pes hojalyklaryň, şol sanda döwlet ýardamlaryna mätäç raýatlaryň gündelik durmuşyna ýiti täsir edýär. Türkmenabat şäherinde sosial goraga mätäç raýatlaryň birnäçesi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde öňler özlerine döwlet tarapyndan berilýän käbir dermanlaryň soňky wagtlar berilmän başlanandygyny aýdýarlar.

Şäheriň 3-nji kwartalynda ýaşaýan 2-nji topar maýyp ýaşaýjy öňler ätiýaçlandyryş esasynda 50% arzan bahadan, ýa-da mugt berilmeli dermanlaryň berilmän başlanandygyny aýdýar.

Saglyk pudagynda zähmet çekýän beýleki bir türkmenabatly ýaşaýjy derman üpjünçiligi bilen bagly ýüze çykan meseleleri walýutanyň alyş-çalyş bahasynyň ýokarlanmagy bilen hem-de sebitde emele gelen ýangyç gytçylygy bilen ilteşdirdi.

“Ýangyç ýetmezçiligi sebäpli, logistika bilen bagly düýpli problemalar bar. Dollar hem gymmatlap başlady, diýmek şu wagt bahalar hem durnuksyz. Şonuň üçin, derman serişdeleri hem satyn alynmaýar” diýip, saglyk işgäri aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň saglyk pudagyndaky birnäçe çeşmesi derman serişdeleriniň üpjünçiligi bilen bagly ýagdaýlary tassyklap, şäheriň birnäçe saglyk öýünde ýeňillikli derman üpjünçiliginiň bes edilendigini aýtdylar.

“Diabet hassalaryna döwlet tarapyndan mugt berilmeli “insulin” garmony hem berilmän başlandy” diýip, saglyk öýlerindäki çeşmeler aýdýar.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça ýerli häkimiýetlerden resmi teswir alyp bilmeýär.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary sentýabryň ortalarynda gündogar welaýatda walýuta söwdagärlerine garşy polisiýa reýdleriniň geçirilip başlanandygyny habar berdiler.

Şondan biraz soňra, oktýabryň başlarynda günbatar Türkmenistanda iri walýuta söwdagärleri ýurduň haýyr-sahawat gaznasyna uly möçberlerde pul serişdelerini geçirmäge mejbur edilip başlandy.

Degişli maglumat Şu dört mesele çözülmese, Türkmenistanda maýa goýum gurşawy gowulanmaz – ýerli hünärmen

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.