Gazagystanyň Aktöbe welaýatynyň Žyltyr obasyndaky jaýlary we kömekçi hojalyklary çäge basýar. Syrgynyň aşagynda hatda elektrik sütünleri-de galýar. Ýerli ýaşaýjylar tebigy heläkçiligiň hötdesinden bir özleri gelip bilmän, häkimiýetlerden kömek soraýarlar, olar bolsa muňa el salgaýarlar. Şol bir wagtyň özünde, Žyltyr tebigy betbagtçylykdan ejir çekýän ýeke-täk oba däl. Aktöbe welaýatynda her ýyl 19 oba çägäniň aşagynda galýar.
Žyltyr obasynyň ýaşaýjylarynyň esasy eklenç çeşmesi maldarçylykdyr. Obada ýüz töweregi maşgala ýaşaýar. Olar gök ekin ekmeýärler we bag-bakja ýetişdirmeýärler, sebäbi tomus aýlary dyngysyz çäge süýşýär.
Žyltyr obasynyň günorta-gündogarynda daşy tikenli sim bilen gurşalan birnäçe meýdan bar. Olaryň birine "Ramazanyň haýaty", beýlekisine bolsa "Waýsyň haýaty" diýýärler. Şol ýerde gyrymsy juzgun, ýagny gandym ösýär.
Ramazan we Waýs Žyltyr obasynyň işjeň adamlary. Ýerli häkimiýetleriň hereketsizliginden ýadap, olar obadaşlaryndan pul ýygnap, birnäçe meýdanda çägä garşy pena gurdular. Ýerli ýaşaýjylar obanyň ýel öwüsýän tarapyndan, gurakçylyga çydamly juzgun oturdyp, çägäniň hereketini togtatjak bolýarlar.
Bu ýere mallaryň goýberilmeýändigi üçin, gaty ýaşyl bolmasa-da, otlaryň biraz ösendigi göze ilýär. Gumlular her bir gyrymsy ösümligiň "çäge akymyny saklajakdygyna" umyt edýärler.
— Ýel gyşyn-ýazyn günorta-gündogardan öwüsýär. Bizde demirgazykdan we günbatardan ýel seýrek öwüsýär. Syrgynly çäge eýýäm obanyň etegindäki jaýlary örtdi. Mallary obanyň günorta tarapyndaky ýataklardan çykarmaly bolduk, ýogsa olary-da gum basjak – diýip, ýerli ýaşaýjy Ýermekbaý Ahetow aýdýar.
Ýermekbaý Ahetowyň dogduk obasyny taşlap gidesi gelmeýär. Onuň ýanynda kiçi ogly hem ýaşaýar.
Demir haýatyň üstüni gum basyp, Ýermekbaý Ahetowyň howlusyna çäge girýär. Gum kanalizasiýa guýusyny hem örtüpdir. Öý eýesi çäge "hüjümine" öwrenişene meňzeýär. Ol haýatyň daşyndaky gum depelerine nazar aýlap, degişme bilen öz obasyny "biziň Dubaýymyz" diýip atlandyrýar.
« BÜTIN TOMSY ÇÄGE BILEN GÖREŞIP GEÇIRMELI»
Çäge depeleriniň aşagyndaky kiçi oba günorta tarapdan zordan görünýär. Oba köçelerindäki ergin çägäniň üstünden ýöremek öwrenişmedik adam üçin, ýene bir kynçylyk. Köwşüň derrew çägeden dolýar – aýakýalaňaç ýöremek aňsat ýaly görünýär, ýöne güneşde gyzan çäge aýagyňy ýakýar. Munuň üstüne-de, ýel hem çäge tupanyndan gözüň bilen gulagyňy goramaly.
— Habardar bol! Aýak astynda ammar bar. Biz häzir Maman aksakalyň ammarynyň üçeginden barýarys – diýip, Žyltyr obasynda Azatlygyň habarçysyna ýoldaş bolan Ýermekbaý Ahetow duýdurýar.
Bu tomusdaky çäge syrgynynyň aşagynda, aksakal Mamanyň diňe bir ammary däl, eýsem at ýatagy, tomusky öýi bilen garažy-da galypdyr.
— Her gün çäge arassalamakdan başlanýar. Çägäni arabada, bedrelerde çykarýarys. Şondan soň öýe girip-çykmak mümkin bolýar. Özümiz başarmasak, dogan-garyndaşlarymyzy kömege çagyrýarys. Bütin tomsy çäge bilen göreşip geçirmeli, çäge arassalamak biziň esasy işimiz — diýip, Žyltyr obasynyň ýaşaýjysy Ženis Mysyrowa gürrüň berýär.
Apreliň ahyrynda çäge syrap başlanyndan, tä noýabr aýyna çenli – gar ýagýança obany syrgyn gaplaýar. Adamlar çäge süýşmeginden goranjak bolup haýat gurýarlar, emma bu tebigy betbagtçylyk bolansoň, ol adama başartmaýar.
ÖZ ELLERI BILEN DAMJALAÝYN SUWARMAK
— Şeýle söz bar: «Айта-айта Алтайды, Жамал апай қартайды» (manysy: Žamal-apaý (eje) Altaýa aýdyp-aýdyp garrady). Biz bu meseläni aýdyp-aýdyp ýadadyk. Şoňa görä-de, biz el gowşuryp boş oturmaz ýaly, geçen ýyl obanyň eteginden ýene-de bir haýat gurduk. Bu ýyl bolsa biz şol haýatyň içinden guýy gazdyk. Obadaşlardan üç müň tenge ýygnap, haýatyň içinde jemi 200 düýp nahal oturtdyk, olar juzgun, igde, garaagaç. Indi obanyň bar ýaşaýjysy diňe bir zady isleýär – şol nahallar mümkin boldugyndan tiz kök urup össedi – diýip, Žyltyr obasynyň ýaşaýjysy Waýs Ahmetow aýdýar.
Waýs Ahmetowyň asly Gyzylorda oblastyndan, 20 ýyldan gowrak wagt bäri Žyltyr obasynda ýaşaýar. Pensiýadaky ol adam obany bereketli ýer hasaplaýar – onuň çagalary bu ýerde önüp-ösdi we malynyň sany artdy. Özüni çäge bassa-da, obadan çykmajakdygyny aýdýar. Ol her gün gelip, ýaş nahallara gözegçilik edýär.
Onsuzam az suwy biderek harçlamazlyk üçin, ýaşaýjylar her düýp nahalyň düýbüne köne plastik gaplary ýerleşdirip, oňa çüý bilen deşik edipdirler. Suw ekiniň düýbüne şol deşikden damýar.
— Biz bu ýere irden we agşam çagalarymyz bilen agtyklarymyzy getirýäris. Olaryň birleri guýudan suw çekýär, beýlekileri bolsa suwy nahalyň düýbündäki gaplara guýýar. Çagalar-da, garrylar-da peýda etmäge çalyşýarlar. Biz nahallary mallardan hem goraýarys. Öri meýdanlaryndan gaýdýan mallar käte biziň haýatymyzy ýykýar – diýip, Waýs Ahmetow aýdýar.
« HÄKIMIÝETLER BIRI-BIRINE EL SALGAÝARLAR»
Žyltyr obasy etrabyň administratiw merkezi bolan Şalkar şäherinden, 13 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Obada orta mekdep, çagalar bagy hem-de hassahana bar. Ýerli ýaşaýjylar lukmana ýüz tutýarlar, ol adamlary welaýat merkezine ugradýar. Bu kyn bolsa-da, çäge garşy göreş birinji orunda durýar.
Oba ilaty bu meseläniň çözülmegine kömek sorap, gaýta-gaýta etrap ýolbaşçysyna ýüz tutupdyr, ýöne netije bolmandyr. "Çinownikler diňe jogap ýazmagy başarýarlar hem biri-birine el salgaýarlar" diýip, ozal mugallyma bolup işlän, häzir pensiýadaky Lena Bekžan närazylygyny bildirýär.
— Men akimata ýazan hatyma jogap aldym. Olar meniň arzamy tokaý hojalygy bölümine iberipdirler. Ol ýerden meniň arzamyň tebigy serişdeler bölümine ugradylandygyny aýtdylar. Garaz, olaryň hiç biri netijeli jogap bermedi. Men ýene obanyň akimine ýüz tutdum. Ol maňa jaýyň düýbüne toplanan gum depesini aýyrjakdygyny aýtdy. Soňra ol muny başarmajakdygyny aýtdy-da, gitdi. Indi biz kime ýüz tutmalydygyny, näme diýjegimizi bilmeýäris. Bu kynçylyk düýn ýa-da şu gün ýüze çykmady. Şu ýyl ýagdaý örän agyr. Ergin çäge jaýlaryň penjiresine ýetdi. Käte hatda jaýdan çykyp bilemizok – çäge gapyny örtýär – diýip, Lena Bekžan aýdýar.
Žyltyr obasynyň akimi Kalžan Karžaubaý 2016-njy ýylda bu wezipä bellenipdir. Onuň sözüne görä, ýakyn geljekde azyndan 20 gektar ýere gorag aýlanmasa, tutuş obanyň çäge aşagynda galmak howpy bar.
— Çäge bilen gurşalan obany ýaşyl zolaga öwürmek aňsat däl. Muny ýöriteleşdirilen kärhana amala aşyrmaly. Obanyň girdejisi, hatda etrabyň girdejisi hem oňa garşy göreşmek üçin, ýeterlik bolmaz diýip hasaplaýan. Munuň üçin köp serişde gerek, bar umyt merkeze bagly. Biz Astanadan çäge bilen örtülýän zolaga Žyltyr obasyny hem goşmagyny, ýörite taslamany durmuşa ornaşdyrmagyny isleýäris, Ýogsa biziň özümiz muňa hötde gelip bilmeris – diýip, Kalžan Karžaubaý aýdýar.
ÇÄGÄNI SAKLAMAK. MUNUŇ BILEN KIM WE NÄHILI GÖREŞILÝÄR?
Aktöbe welaýatynda çäge basýan 19 oba bar. Sebit administrasiýasynyň maglumatlaryna görä, sebitdäki üç obada çäge saklamak üçin, iş taslamasy düzülipdir. Şu ýyl welaýatyň býujetinden bölünip berlen 165 million tenge esasynda, üç obanyň töwereginde hemaýat işleri geçirildi. Geljek ýylyň ýazynda, ol ýere sazak ekmek meýilleşdirilýär.
— Käbir obalarda elektrik sütünlerini-de gum basdy. Çäge ýaşaýyş jaýlaryna-da howp abandyrýar. Şonuň üçin hem 19 obanyň her biriniň taslama hasabatyny işläp düzmek üçin, welaýat býujetinden üç million tenge bölünip berildi. Häzirki wagtda 11 obanyň taslama-proýekt dokumentleri taýýar. Galan 8 oba, ýagny Şalkar we Temir etraplarynyň obalary üçin, 2024-nji ýylda resminamalar işlenip taýýarlanylar – diýip, Aktöbe welaýatynyň Tebigy serişdeler we daşky gurşawy goramak bölüminiň başlygy Aktolkyn Habiboldina aýdýar.
Departament Gazagystanyň garaşsyzlygynyň 30 ýylynyň dowamynda, Aktöbe welaýatynyň çäge basýan 19 obasynda, çägini saklamak işleri üçin, býujetden hiç hili serişdäniň bölünmändigini we ýörite taslamalaryň taýýarlanylmandygyny boýun alýar.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar