“Freedom Now” Gulgeldi Annanyýzowyň azat edilmegine çagyrýar

Gulgeldi Annanyýzow

“Freedom Now” türkmen dissidenti Gulgeldi Annanyýzowyň doglan güni mynasybetli onuň garşysyna girizilen çäklendirmeleriň ählisiniň ýatyrylmagyna çagyrýar.

Halkara hukuk toparlary tarapyndan wyždan ýesiri diýlip hasaplanylýan Gulgeldi Annyýazowyň şu gün 63 ýaşy doldy, ol 2009-njy ýylda türmä basylaly bäri, şertli tussaglyk sebäpli, Türkmenistandan çykyp, Norwegiýadaky maşgalasyna gowşup bilmeýär diýip, hukuk toparynyň twitter beýanatynda aýdylýar.

Türmeden boşadylan bolsa-da, agyr şertlerde ýaşamagyny dowam etdirýän Gulgeldi Annayýazowa garşy girizilen çäklendirmeleriň ählisi aýrylmaly we ol derrew azat edilmeli diýip, hukuk toparynyň beýanatynda aýdylýar.

Gulgeldi Annanyýazow ilkinji gezek 1995-nji ýylda, şol ýylyň 12-nji iýulynda Aşgabatda hökümete garşy guralan halk protesti sebäpli tussag edildi we 16 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Ol soňra halkara guramalarynyň basyşlary esasynda azatlyga çykyp, Norwegiýa bosgunlyga çykdy.

Emma Aşgabatda hökümet çalşandan soň, ýurtda gowulyk boljagyna ynanýandygyny aýdyp, kanuny esasda yzyna dolanmaga rugsat berilmänsoň, bikanun ýagdaýda serhetden geçdi we obasyna dolanyp bardy. Türkmen häkimiýetleri ony şol günüň özünde ýygnadylar we ýapyk gapylaryň arkasynda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm etdiler.

Degişli maglumat Norwegiýa türkmen hökümetinden Gulgeldi Annanyýazow baradaky sowalyna jogaba garaşýar