Fransiýada bosgunlyga çykan azerbaýjanly oppozisiýa şahsyýeti Widadi Isgandarli, öz öýünde gazaplarça ýenjilip we pyçaklanandan soň, aradan çykdy. Azeri hökümetiniň ýiti tankytçysy bolan Isgandarliniň maşgalasy oňa edilen hüjümiň syýasy äheňli bolandygyny aýdýar.
Mehrhumyň dogany Oktaý Isgandarli agasynyň ölendigini 1-nji oktýabrda Azatlyk Radiosyna tassyklady we lukmanlaryň ony halas etmek üçin, bir günden hem aşa wagt tagalla edendiklerini sözüne goşdy.
Isgandarliýe edilen hüjüm, daşary döwletlerdäki azerbaýjanly oppozisiýa wekillerine edilen beýleki hüjümlere çalymdaşlyk edýär. 2021-nji ýylda bosgunlykdaky syýasatçy Mohammad Miraliýe hem pyçakly hüjüm edilipdi, ol şonda aman galypdy.
Oktaý Isgandarliniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, onuň dogany hüjümçileriň kimler bolandygyny bilmändigini, şeýle-de olaryň matlaplary barada hiç habarynyň bolmandygyny aýdypdyr.
“Olar gürlemediler. Olaryň ýüzünde maskalar bardy. Olaryň şahsyýetini anyklamak mümkin däldi” diýip, ol belledi.
29-njy sentýabrda ýüzi maskaly üç adam Isgandarliniň Fransiýanyň gündogaryndaky Mulhouse şäherindäki kwartirasyna kürsäp giripdiler.