Onuň ilkinji uçuşy ýarym sagatdan sähel gowrak dowam etdi we ol özüniň döredilen Mah tizligine ýetip bilmedi. Ýöne “Tupolew Tu-144” kysymly uçar, özüniň Günbatar bäsdeşini iki aý ozup geçip, 1968-nji ýylyň 31-nji dekabrynda howa giňişligine üstünlikli ýokarlananda, bu waka Sowet Soýuzynyň sesiň çaltlygyndan hem güýçli tizlikdäki uçary ilkinji bolup uçurmakda magtanmak hukugyny berdi.
Kosmos ýaryşynyň çäginde amala aşyrylan tehnologiýanyň üstünligi ugrundaky Sowuk Urşy döwründe, ýagny 1969-njy ýylyň iýunynda Tu-144 uçary supersonik – sesiň çaltlygyndan hem güýçli tizlige – ýetende özüniň britan-fransuz ajaýyp bäsdeşi "Concorde" uçaryny gaýtadan ozup geçdi.
Iki uçaryň daşky keşbi biri-birine meňzeşdi. Olaryň her birinde delta-ganatynyň we guwunyň boýnuna meňzedilýän aşak seredip duran iňňe görnüşli burnunyň özboluşly warianty bardy. Olaryň arasynda göze görünýän iň uly aratapawut – sowet uçarynyň kabinasynyň arkasyndaky goşa ganatjyklar. Olaryň "Mach 2-den" hem ýokary howa tizligine we ýylylyga çydamly bolmaga niýetlenen daşky materiallaryndaky aratapawut has aýdyňdy.
Tupolew uçary bir az uzynrak (65.7 metr. Concorde: 61.7 metr) we agyrrakdy, şeýle-de has laýyk we güýçli dwigatel – hereketlendiriji – konfigurasiýasy ýerleşdirilenden soňra has ýokary, maksimal tizlige ýetip bilerdi. "Concorde" has öňdebaryjy dwigatel, hereketlendiriji we tormoz sistemalaryna, şeýle-de kompýuter bilen kontrol edilýän soňky tehnologiýa önümleri bolan howa goýberiş we ganaty şekillendirmek sistemalaryna eýedi.
Sowet uçary 140 ýolagça, "Concorde" bolsa 92-den 120 adama çenli ýolagça niýetlenendir.
Günbatar dünýäsi sesiň çaltlygyndan hem güýçli tizlikdäki sowet uçaryny ilkinji gezek 1071-nji ýylda Pariž awiaşowunda görüpdi.
Şondan iki ýyl soňra Tu-144 nädogry sebäpler bilen baglanyşykly üns merkezinde boldy. 1973-nji ýylyň 3-nji iýunynda "Concorde" özüniň 30 minutlyk sergisini tamamlanda, Tu-144 öz mümkinçiliklerini görkezmek üçin özüne berlen wagtyň ýarymynda asmana galypdy. Birnäçe egrem-bugramlardan we öwrümlerden soňra sowet uçary heläkçilige uçrady hem-de ekipaž agzalarynyň altysy we ýerdäki sekiz adam heläk boldy.
Käbir adamlar sowet uçarynyň “Mirage” kysymly fransuz uçary bilen çaknyşmajak bolup heläkçilige uçrandygyny öňe sürdiler. Aýdylmagyna görä, fransuz uçary Tu-144 uçarynyň özboluşly ganatlaryny surata almak üçin onuň has golaýyndan uçupdyr.
1973-nji ýylda fransuz awiaşowunda bolan bu heläkçilik Tu-144 uçarynyň soňunyň başlanýandygynyň alamaty boldy. Bu waka sowet programmasyny dört ýyl yza iterdi we "Concorde" uçaryna öz sowet bäsdeşini ozup geçmäge mümkinçilik döretdi. 1976-njy ýylda "Concorde" uçary kommersiýa maksatly ýolagçy gatnawlaryny ilkinji bolup ýola goýdy.
Tu-144 uçary 1977-nji ýylda ýolagçy gatnawyny amala aşyryp başlady. Ýöne bu gatnaw reýslerini magtaýanlar azdy we uçardaky giňişligiň çäkliligi we dwigateliň aşa ýokary sesi sebäpli şikaýatlar köpdi. Tu-144 mehaniki näsazlyklara hem meýillidi.
Tu-144 uçary Moskwa bilen Alma Atanyň (häzir Almaty) arasyndaky kommersiýa maksatly ýeke-täk ugurda 55 sany gatnaw uçuşyny amala aşyrdy. Aýdylmagyna görä, bu ugur, esasan, az ilatly sebitden geçýändigi üçin Aeroflot tarapyndan ýörite saýlanyp alyndy. Muňa gyzyklanmanyň azdygy sebäpli Aeroflot bu gatnaw uçuşyny alty aý soň bes etdi.
1978-nji ýylyň iýunynda Moskwanyň golaýynda Tu-144 uçarynyň özleşdirilen modeli özüniň synag uçuşyny amala aşyrýan mahaly heläkçilige uçrady. Şondan soň Aeroflot Tu-144 uçary bilen öz gatnaşyklaryny resmi taýdan bes etdi. 1982-nji ýylda Tu-144 uçarynyň önümçiligi bes edildi.
"Concorde" uçarynyň karýerasy has uzyn boldy. Bu uçaryň, hususan-da, Nýu-Ýork – London aralygyndaky reýsi has meşhurlyga eýe bolupdy. "Concorde" uçary bu aralygy üç sagatdan hem az wagtda geçýärdi.
2000-nji ýylyň 25-nji iýulynda Fransiýanyň howaýollary kompaniýasyna degişli "Concorde" uçary 4590 belgili gatnawy ýerine ýetirýän mahaly heläkçilige uçrady. Munuň netijesinde 100 ýolagçy we dokuz adamdan ybarat ekipaž agzalary öldi. 2003-nji ýylda “Air France” we “British Airways” howaýollary kompaniýalary tarapyndan dolandyrylýan ýedi uçar uçuş gatnawlaryndan hemişelik aýryldy.