FIFA-nyň başlygy türkmen kärdeşi bilen hyzmatdaşlygy maslhatlaşdy

Janni Infantino

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino 18-nji dekabrda Kataryň paýtagty Dohada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Guwançmuhammet Öwekow bilen duşuşdy diýip, “Biznes Türkmenistan” Infantinonyň instagram sahypasyna salgylanyp ýazýar.

“Biz geljekki ösüş taslamalary barada gürrüň etdik, şeýle-de Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy Öwekowyň we onuň toparynyň Türkmenistanda futboly mundan beýläk-de ösdürmek boýunça meýilnamalaryna FIFA-nyň nähili goldaw berip biljekdigi barada maslahat etdik” diýip, Janni Infantino aýdypdyr.

43 ýaşly Guwançmuhammet Öwekow Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy wezipesine şu ýylyň 4-nji noýabrynda saýlandy.

Ozalky futbolçy öz professional karýerasyna 20 hem ýaşamanka, Aşgabadyň “Nisa” toparynda başlady, Türkmenistanyň milli ýygyndysynda birnäçe ýyllap çykyş etdi diýip, habarda bellenýär.

Şeýle-de, Öwekow bilen TFF-niň baş sekretary Serdar Geldiýewiň geçen hepde “Wilýareal” (Ispaniýa Patyşalygy) futbol klubunyň akademiýasynyň wekilleri bilen onlaýn görnüşinde geçirilen duşuşyga gatnaşyp, çagalar we ýaşlar futboluny ösdürmekde, tälimçilik okuwy babatynda tejribe alyşmakda hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada deslapky ylalaşyga gelendigi aýdylýar.

Habarda Janni Infantinonyň geçen ýylyň maý aýynda Aşgabada sapar edip, Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda prezident Serdar Berdimuhamedow bilen hem duşuşandygy bellenýär.

Şonda döwlet baştutany FIFA-nyň tutuş dünýäde hem-de ýurdumyzda futboly mundan beýläk-de ösdürmek boýunça başlangyçlaryny we tekliplerini goldamaga Türkmenistanyň taýýardygyny aýdypdy.