Fath-360: Eýranyň Russiýany raketa sistemalary bilen üpjün edendigi habar berilýär

Eýranyň günortasynda harby türgenleşigiň çäginde Fath-360 raketasynyň goýberilişi, noýabr, 2022.

Gysga aralyga niýetlenen ballistik raketa ilkinji gezek 2022-nji ýylyň aprel aýynda Tähranda geçirilen harby paradda görkezildi. Fath (feth) pars dilinde "ýeňiş gazanmagy" aňladýar. 5,2 metr uzynlykdaky raketa agramy 150 kilogram bolan söweş başyny göterip bilýär. Bu bolsa Orsýetiň Ukrainadaky uruşda ulanýan Eýranyň tanymal “Şahed” raketalaryndan, takmynan üç esse köp partlaýjy maddalary göterip biljekdigini aňladýar. “Şahed” dronlarynyň hüjümleri sebäpli Ukrainanyň onlarça ilaty wepat boldy.

Tähranda Fath-360 raketa ulgamynyň demonstrasiýasy, sentýabr, 2022.

Raketa toplumy graždan ulagyna meňzeýän ýük maşynynyň üstünde gizlenýär, bu bolsa olary howadan anyklamaga päsgel berýär. Fath-360 raketasynyň nyşana urmak mümkinçiligi beýle takyk däl, ol takmynan 30 metr aralyga tapawut edip bilýär. Şeýlelikde, Eýran raketalarynyň jaýlar we infrastruktura ýaly gozganmaýan uly desgalary nyşana almakda ulanylmagy mümkin.

Ukrainanyň harbylary 2023-nji ýylyň maý aýynda Kiýewiň üstünde Eýranyň “Şahedini” urup ýykdy.

Iň ýokary tizligi sagatda 5 müň kilometre golaý bolan Fath-360 raketasyny urup ýykmak, uçar kysymly “Şahede” garanyňda has çylşyrymly. Emma raketanyň aralyga uçmak mümkinçiligi 120 kilometr bolansoň, ol diňe frontuň golaýyndaky ýerlere howp salyp biler.

Eýranyň Ýaragly Güýçleriniň Baş Ştabynyň başlygy Mohammad Bageri (sagda) Orsýetiň Howpsuzlyk geňeşiniň ýolbaşçysy Sergeý Şoýgu bilen geçirilen duşuşykda. Tähran, 2024-nji ýylyň 5-nji awgusty.

Russiýanyň we Eýranyň ýokary harby ýolbaşçylarynyň bu duşuşygyndan soň, Tähran eýran raketalaryny ulanmak boýunça Orsýetiň harbylaryna türgenleşik okuwlaryny geçýär diýen habarlar peýda boldy.

Tährandaky bir jaýyň ýüzünde ýerleşdirilen Fath-360 raketalar toplumynyň suraty.

Tähran Russiýa raketa berendigi baradaky habarlary inkär etdi. Ýöne eýranly ýokary parlamentar resmi pozisiýa garşy gelýäne meňzeş beýanat berdi. 7-nji sentýabrda Ahmad Bahşaýeş Ardestani eýran mediasyna şeýle diýdi: "Biz öz zerurlyklarymyzy, şol sanda soýa we galla importyny kanagatlandyrmak üçin, barter etmeli bolýarys. Barteriň bir bölegi raketalary ibermegi öz içine alýar, beýleki bölegi bolsa Russiýa harby dron uçarlaryny ibermek".

Ýük maşynlarynda ýerleşdirilen eýran raketasynyň Yragyň territoriýasyndan goýberilmegi, 2022-nji ýylyň sentýabr aýy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili 9-njy sentýabrda metbugat işgärlerine Fath-360 raketa sistemalarynyň Orsýete berilmegi baradaky habarlardan, Waşingtonyň "örän ynjalyksyz” ýagdaýa düşendigini aýtdy. Ol eger-de bu habarlar tassyklansa, haýsy çäreleriň görüljekdigini anyklaşdyrman, "agyr netijelere" eltjekdigine duýduryş berdi.

Orsýet Eýrandan Fath-360 raketa sistemalaryny, şeýle hem ýüzlerçe raketalary aldy diýip, ýakynda köpçülikleýin habar serişdeleri ýazdylar. Bu ýaraglaryň mümkinçiligi nähili we olar Ukrainadaky urşa nähili täsir edip biler?