Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisiniň ölümi: dünýäde reaksiýalar

Bir eýranly aýal 19-njy maýda Tähranda, prezident Ebrahim Raisi üçin doga edýär. Şol gün Raisini we onuň ýoldaşlaryny alyp barýan dikuçaryň Eýranyň demirgazyk-günbatarynda heläk bolandygy habar berildi.

Eýranyň ýokary lideri Aýatolla Ali Hамeneýi 20-nji maýda, 63 ýaşly Raisiniň we 60 ýaşly Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdollahianyň jesetleri dikuçaryň heläkçilige uçran ýerinden tapylandan soňra, bäş günlük ýas yglan etdi.
 

Birinji wise-prezident Muhammad Mohber 20-nji maýda, Tähranda geçirilen hökümet mejlisinde çykyş edýär. Onuň gapdalynda, adatça, Raisiniň oturýan kürsüsi gara mata bilen örtülipdir.

Hameneýi Mohberi wagtlaýyn prezident edip belledi.

Eýranda bir aýal gazetiň baş sahypadan, uçar heläkçiligi baradaky habary okaýar.



 

Yrakdaky mukaddes Najaf şäherinde zyýaratda bolan eýranly şaýy aýal Raisiniň ölümi baradaky habary smartfondan görkezýär.

Köpler aşa barlyşyksyz Raisiniň ýurduň indiki ýokary lideri boljakdygyna ynanýardylar.

Hаmeneýiniň Najafdaky ofisiniň yslam ruhany gullukçylary dikuçar heläkçiliginde, Raisiniň we beýlekileriň ölümine gynanýarlar.

 

Tähranyň Wali Asr köçesinde bir aýal Raisi üçin aglaýar.

Hökümete garşy proteste gatnaşyjy bir zenan Eýranyň Berlindäki ilçihanasynyň öňünde, Raisiniň suraty bilen protest geçirýär.

Raisi 1980-nji ýyllaryň ahyrynda, müňlerçe syýasy tussaglaryň ölüm jezasyna gözegçilik eden kazylaryň biri bolany üçin, “Tähranyň jellady” diýen at aldy.
 

Berlinde protest geçirýänler hökümete garşy şygarlary gygyrýarlar.

Amnesty International we Human Rights Watch ýaly adam hukuklaryny goraýjy dürli guramalar Raisiniň hereketlerini ýazgardylar. Amnesty International onuň adamzada garşy jenaýatlara gatnaşandygy barada, barlag geçirilmegine çagyryş etdi.
 

Bir adam Liwanyň hökümet binasynyň üstündäki milli baýdagy aşak düşürýär. Premýer-ministriň wezipesini ýerine ýetiriji Najib Mikati Liwanda üç günlük ýas yglan etdi.
 

Eýranyň Moskwadaky ilçihanasynyň alnynda, "Biz ýas tutýarys" diýen ýazgy bilen güller goýulýar.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Raisini "görnükli syýasatçy" we "Russiýanyň hakyky dosty" diýip atlandyrdy.
 

Adamlar Moskwadaky ilçihananyň ýanynda, "Eýran – 19.05.2024" (çepde) we "Eýran, biz seniň bilen" diýen ýazgyny tutup durlar.

Pekin şäherinde adamlar uly monitorda Raisiniň ölümi baradaky ýaýlyma seredýärler.

Hytaý prezidenti Si Jinping Raisiniň ölümini "heläkçilik" atlandyryp, "Hytaý halkynyň gowy dostuny ýitirendigini" aýtdy diýip, Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň wekili mälim etdi.

Indoneziýanyň Jakarta şäherindäki Eýran ilçihanasynyň ýanynda, uçar heläkçiliginden heläk bolanlara duýgudaşlyk bildirmek üçin pikete gatnaşan adamlar Raisiniň suratlarynyň alnynda gül goýýarlar.

Ýewropa Bileleşiginiň prezidenti Şarl Mişel Ýewropa Bileleşiginiň "ýürekden gynanjyny beýan edýändigini" aýtdy.

Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisi we Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdollahian Eýranyň demirgazyk-günbatarynda, dikuçar heläkçiliginde ýogaldylar. Bu hadysa eýranlylar we dünýä liderleri nähili garaýarlar?