Eýranyň polisiýasy gynalyp öldürilendigi aýdylýan şahsyýet babatynda, ofiserleriň “öz gazabyny saklap bilmändigini” aýtdy

Eýranyň demirgazygyndaky Langarud şäherine heläk bolan Mohammad Mirmusawiniň banneri ýerleşdirildi.

30-njy awgustda Eýranyň milli polisiýa serkerdeligi şu hepdäniň başynda Gilan welaýatynda polisiýa işgärleriniň tussaglykda heläk bolan bir adama gözegçilik edenlerinde, “öz gahar-gazabyny ýeterlik derejede saklap bilmändiklerini” aýtdy.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Hengaw toparynyň maglumatyna görä, Mohammad Mirmusawi 24-nji awgustda Langarud şäherinde tussag edilenden soň, polisiýa tarapyndan erbet ýenjilipdir.

Bir köçe ýakalaşmasy sebäpli saklanan 34 ýaşy Mirmusawi üç günden soň heläk boldy.

Polisiýanyň gazaplylygy baradaky aýyplamalardan soň, Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkiýan derňewi geçirmek barada görkezme berdi.

Milli polisiýa serkerdeligi Mirmusawi bilen polisiýanyň arasyndaky “sürtülme” diýip atlandyran ýagdaýyň, onuň ölümine sebäp bolandygyny öňe sürdi.