Eýranlylar dartgynly ýagdaýda, Nowruzy garşylamaga taýýarlanýarlar
Eýranly aýallar 12-nji mart agşamy Çorşanbesuri (Çarşenbe baýramy) başlananda, Tähranda ot ýakýarlar. Bu baýramçylyk Nowruzyň – Täze ýylyň öň ýanynda bolup geçýär.
Baýramçylyk häkimiýetlere bolan lapykeçligiň artýan şertlerinde geçirildi. 1-nji martda täze parlament saýlawlaryna ses bermäge gatnaşanlaryň sany rekord derejede pes boldy.
Eýranly är-aýal otparazlar döwründen galan däbe eýerip, çaganyň otdan bökmegine kömek edýärler.
Resmi maglumata görä, 1979-njy ýylda Yslam rewolýusiýasyndan bäri kanun çykaryjy organyň saýlawlaryna iň pes derejede, 41% saýlawçy gatnaşypdyr. Tankytçylar hakyky dereje mundan hem az bolandyr diýýärler.
Eýranlylar el-ele berip, gijäniň ýaryna çenli aýdym aýdyp, tans edýärler.
BMG-niň ynsan hukuklary baradaky Ýokary Komissarlygynyň 8-nji martda aýan eden hasabatynda, Eýrandaky "parahatçylykly protestleriň basylyp ýatyrylmagynyň" we "aýal-gyzlara garşy institusional kemsitmeleriň" adam hukuklarynyň bozulmagyna getirendigi, olaryň käbiriniň "adamzada edilen jenaýatdygy" aýdylýar.
Adamlar arzuw yşyklaryny ýakýarlar.
Hasabatda düzgün bozulmalar we jenaýatlar bellenilýär; "kazyýetsiz we kanunsyz tussag edilmeler we adam öldürmek, zerur däl ýerlerde güýç ulanmak, netijede azatlykdan mahrum etmek, gynamalar, zorlamak, güýç bilen ýitirim etmek we gender deňsizligi ýüze çykýar".
Suratdaky adam oda döredijilikli çemeleşýär.
Hasabatda düzgün bozulmalaryň Eýranyň hökmany hijap kanunlaryny berjaý etmändigi üçin, tussaglykdan soň ölen 22 ýaşly kürt gyzy Mahsa Amininiň takdyry bilen bagly 2022-nji ýylyň sentýabrynda geçen "Aýal, durmuş, azatlyk" protestleriniň kontekstinde bolup geçendigi aýdylýar.
Baýramçylyga eýranlylar tutuş ýurt boýunça gatnaşdylar. Käbirleri protest bildirip, "azatlyk" diýip gygyrdylar.
Repressiýa bilen bagly protestçileriň ölüm halatlarynyň sany 500 adamdan geçdi diýlip hasaplanýar.
Eýranly gyz oduň üstünden bökýär.
Aýal-gyzlar Aminä raýdaşlygyny bildirip, ýygy-ýygydan öz hijabyny aýyrýarlar we umumy milli protestlerde belli güýje öwrülip, Eýranyň ruhany ýolbaşçylaryna gahar-gazabyny mälim edýärler.