Eýranly syýasy tussag, täze aýyplamalara protest bildirip, açlyk yglan etdi

Şakila Monfared (arhiw suraty)

Eýranda syýasy tussag Şakila Monfared özüne garşy bildirilen täze iki aýyplama garşy protest hökmünde açlyk yglan diýip, 31-nji iýulda onuň erkek dogany Aşkan Monfared mälim etdi.

Maglumata görä, 31 ýaşly Monfarede “jemgyýetçilik tertip-düzgünini bozmak” we “bidüzgünçilik” aýyplamalary bildirilipdir.

Monfared häzir Tähranyň adyýaman Elwin türmesinde saklanylýar.

Ol ilki başda, 2020-nji ýylda “režime garşy propoganda etmekde” we “mukaddeslikleri kemsitmekde” günäli tapylyp, dört ýyla golaý türme tussaglygyna höküm edilipdi.

2021-nji ýylda, heniz tussaglykda wagty, Monfarede “režime garşy toparlaryň agzasy” bolmakda aýyplama bildirildi we ol 2 ýyl sekiz aý tussaglyga höküm edildi.

Şu ýylyň başynda, ol “oppozisiýa elementleri bilen baglary” saklamakda günäli tapyldy, we oňa ýene goşmaça 15 aý tussaglyk berildi.

Hukuk toparlary aýyplamalaryň “toslanandygyny” aýdýarlar we Monfarediň Yslam respublikasyna garşy parahatçylykly ýagdaýda öz nägileligini bildirendigini belleýärler.