Eýranly repçi Tataloo 15 ýyl tussaglyga höküm edildi

Tataloo lakamy bilen tanalýan repçi kazyýet diňlenişiginiň dowamynda

Eýranda has köp Tataloo lakamy bilen tanalýan, meşhur we jedelli repçi Mirhosseýn Maghsoudloo, dürli aýyplamalar esasynda, jemi hasapda 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Bu barada 13-nji oktýabrda Eýranyň Adalat ulgamynyň sözçüsi mälim etdi.

Suduň metbugat wekili Asghar Jahangiriň sözlerine görä, aýdymçy mukaddesliklere şek ýetirmekde günäli tapylyp, bäş ýyl türme tussaglygyna; şeýle-de korrupsiýany we azgynçylygy öjükdirmek aýyplamalary esasynda ýene goşmaça 10 ýyl türmä höküm edilipdir.

Suduň kararynyň birdenkä ýa-da yzygiderli ýagdaýda durmuşa geçiriljekdigi aýdyň däl.

Eýranda Tataloonyň prowokasion we Günbatar-mysallyndaky diýlip häsiýetlendirilýän döredijiligini alyp barmagyna resmi taýdan rugsat berilmeýär. Häkimiýetler onuň ýurduň Medeniýet ministrliginden degişli sertifikatlary almandygyny aýdýarlar.

Eýranda aşa-berk syýasatçylar konserwatiw yslam jemgyýetiniň standartlaryny bozmakda we ýaşlary ýoldan çykarmakda aýyplaýan aýdymçylaryny köplenç ýazgarýarlar.